[1] Hudaý Nuha hem-de onuň ogullaryna şeýle pata berdi: «Örňäň, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň.
[2] Ähli haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar sizden juda gorkuda ýaşarlar; olaryň hemmesi siziň ygtyýaryňyza berilýär.
[3] Janly-jandarlaryň ählisi size iýmit bolar; edil gök ösümlikleri berşim ýaly, olaryň hemmesini Men size berýärin.
[4] Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr.
[5] Siziň ganyňyzy dökene ölüm jezasyny bererin. Adam öldüren islendik haýwana ýa-da ynsana Men jeza bererin.
[6] Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr.
[7] Siz örňäp, köpeliň we ýer ýüzüne ýaýraň».
[8] Hudaý Nuha we onuň ogullaryna ýüzlenip, şeýle diýdi:
[9] «Men indi siz we sizden soňky geljek nesliňiz bilen, şeýle hem siziň bilen gämiden çykan ähli jandarlar: guşlar, mallar we ýer ýüzündäki haýwanlaryň bary bilen äht baglaşýaryn.
[11] Men siziň bilen äht baglaşýaryn. Indi hiç haçan bütin janly-jandarlar sil bilen heläklenmez we tutuş ýer ýüzüni weýran etjek sil gelmez.
[12] Meniň siz hem-de siziň bilen bolan ähli jandarlar bilen nesilden-nesle edýän ebedilik ähtimiň nyşany şudur:
[13] bulutlaryň arasynda ýerleşdiren älemgoşarym Meniň dünýä bilen eden ähtimiň nyşany bolar.
[14] -
[15] Ýeriň ýüzüni bulut örtüp, bulutlaryň arasynda älemgoşar görnende, Men siziň we ähli janly-jandarlar bilen eden ähtimi ýatlaryn. Mundan beýläk Men hiç haçan bütin janly-jandarlary sil bilen heläklemerin.
[16] Bulutlarda älemgoşar peýda bolan mahaly ony görüp, Men ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlary bilen eden baky ähtimi ýatlaryn».
[17] Hudaý Nuha: «Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlar bilen Meniň baglaşan ähtimiň nyşany, ine, şudur» diýdi.
[18] Sam, Ham, Ýafes Nuhuň gämiden çykan ogullarydy. (Ham Kenganyň atasydy.)
[19] Nuhuň üç ogly şulardy. Tutuş ýer ýüzüniň ynsanlary şulardan ýaýrady.
[20] Nuhuň özi daýhandy. Ol ilki bilen üzüm agaçlaryny oturtdy.
[21] Ol şerap içip, ondan serhoş bolup, öz çadyrynyň ortarasynda ýalaňaç ýatyrdy.
[22] Kenganyň kakasy Ham öz kakasynyň ýalaňaçdygyny görüp, muny beýleki iki doganyna habar berdi.
[23] Sam bilen Ýafes geýim alyp, ony omuzlaryna atdylar we ýeňseleýin ýöräp baryp, kakalaryny geýindirdiler. Olar ýüzlerini başga tarapa öwrüp, kakalarynyň ýalaňaçlygyny görmediler.
[24] Nuh serhoşlygyndan açylansoň, körpe oglunyň özüne näme edendigine göz ýetirip şeýle diýdi:
[25] «Kengana nälet siňsin, ol doganlarynyň elinde, gullaryň guly bolsun.
[26] Samyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Kengan Sama gul bolsun.
[27] Hudaý Ýafesi örňetsin, Ýafesiň nesilleri Samlaryň çadyrlarynda ýaşasyn, Kengan Ýafese gul bolsun».
[28] Nuh silden soň ýene üç ýüz elli ýyl ýaşady.
[29] Ol jemi dokuz ýüz elli ýaşap dünýäden ötdi.