Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:52

[1] Ýakup Müsürde galla bardygyny bilip, öz ogullaryna: «Näme biri-biriňiziň ýüzüňize seredip otyrsyňyz?

[2] Men Müsürde galla bar diýip eşitdim. Aç ölesiňiz gelmeýän bolsa gidiň-de, galla satyn alyp geliň» diýdi.

[3] Şunlukda, Ýusubyň doganlaryndan onusy Müsüre galla satyn almaga gitdi.

[4] Ýusubyň süýtdeş inisi Benýamini bolsa Ýakup «bir betbagtçylyga uçraýmasyn» diýip, doganlary bilen ibermedi.

[5] Müsüre galla satyn almaga gelenleriň arasynda Ysraýylyň ogullary-da bardy, çünki Kenganda-da açlykdy.

[6] Ýusup Müsürde häkim bolansoň, ol bütin ýurduň halklaryna galla satýardy. Ýusubyň doganlary gelip, oňa iki bükülip tagzym etdiler.

[7] Ýusup doganlaryny görenden tanady, ýöne tanamadyksyran boldy. Ol: «Nireden geldiňiz?» diýip, olar bilen haýbatly gepleşdi. Olar: «Biz Kengandan azyk satyn almaga geldik» diýdiler.

[8] Ýusup doganlaryny tanasa-da, olar ony tanamadylar.

[9] Ýusup olar bilen baglanyşykly gören düýşlerini ýatlady we olara: «Siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelen içalylarsyňyz» diýdi.

[10] Olar Ýusuba: «Ýok, jenabym, biz gullaryňyz azyk satyn almaga geldik.

[11] Biziň ählimiz bir adamyň çagalarydyrys. Biz gullaryňyz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris» diýdiler.

[12] Ýusup olara ýene: «Ýok, siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelipsiňiz» diýdi.

[13] Olar Ýusuba: «Biz gullaryňyz jemi on iki dogandyrys we Kenganda ýaşaýan bir adamyň ogullarydyrys. Körpämiz kakamyzyň ýanynda galdy, bir doganymyz ýitdi» diýip jogap berdiler.

[14] Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, aýdyşym ýaly, siz içalysyňyz.

[15] Siz, ine, şeýle synalarsyňyz. Men faraonyň adyndan ant içýärin. Siziň körpe iniňiz şu ýere gelmese, siz bu ýerden gitmersiňiz.

[16] Siziň biriňiz gidiň-de, doganyňyzy getiriň, beýlekileriňiz bolsa zyndanda gözegçilik astynda saklanarsyňyz. Şonda siziň dogry ýa-da ýalan sözleýändigiňiz belli bolar. Eger ýalan sözleýän bolsaňyz, faraonyň adyndan ant içýärin, onda siziň içaly boldugyňyzdyr».

[17] Şeýdip, Ýusup olary üç günläp zyndanda tussaglykda saklady.

[18] Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn.

[19] Eger siz, hakykatdan-da, ak ýürekli adamlar bolsaňyz, onda siziň biriňiz şu ýerde, zyndanda galyň, beýlekileriňiz bolsa aç oturan hojalyklaryňyza galla äkidiň.

[20] Onsoň körpe doganyňyzy meniň ýanyma getiriň. Eger şeýle etseňiz, bu siziň ýalan sözlemeýändigiňizi subut eder we siz ölümden gutularsyňyz». Doganlar onuň bilen razylaşdylar.

[21] Olar biri-birilerine şeýle diýişdiler: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik. Şol sebäpli-de indi biz hasrat çekýäris».

[22] Ruben olara şeýle diýdi: «Men size „oglana sütem etmäň“ diýdim, emma siz maňa gulak asmadyňyz. Ine, indi bizden onuň ölümi üçin ar alynýar».

[23] Olar aýdylýan zatlara Ýusubyň düşünýändigini bilmeýärdiler, çünki ol olar bilen dilmajyň üsti bilen gepleşýärdi.

[24] Ýusup doganlarynyň ýanyndan aýrylyp aglady. Ol soň dolanyp gelip, olar bilen gepleşdi. Ol soňra Şimgony tutdurdy we Şimgon doganlarynyň gözüniň alnynda daňyldy.

[25] Ýusup olaryň horjunlarynyň galladan doldurylmagyny, olaryň getiren kümüş pullarynyň ýene-de yzyna, olaryň çuwallaryna salynmagyny we olara ýol üçin azyk berilmegini buýurdy. Bu şeýle hem edildi.

[26] Doganlar gallany eşeklerine ýükläp, ýola rowana boldular.

[27] Gijäni geçirmek üçin düşlän ýerlerinde olaryň biri eşegine iým bermek üçin çuwalyň agzyny açanda, onuň agzynda öz kümüş pulunyň ýatandygyny gördi.

[28] Ol doganlaryna: «Pulum yzyna gaýtarylypdyr, ol, ine, çuwalyň içinde ýatyr» diýip seslendi. Olaryň muňa ýürekleri ýaryldy. Olar gorkudan ýaňa titreşip, biri-birlerine: «Hudaýyň bize bu näme etdigi-kä?!» diýişdiler.

[29] Olar Kengana, öz kakalary Ýakubyň ýanyna gelip, bolan işleriň ählisini oňa gürrüň berdiler.

[30] «Ol ýeriniň häkimi biz bilen hyrsyz gepleşdi, ol bizi içaly hasap etdi.

[31] Biz oňa: „Biz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris.

[32] Biz bir atadan bolan on iki dogandyrys; bir doganymyz ýitdi, körpämiz bolsa Kenganda kakamyzyň ýanynda galdy“ diýdik.

[33] Şonda ol bize şeýle diýdi: „Siziň ak ýürekli adamlardygyňyza göz ýetirmek üçin men, ine, şeýle etjek. Siziň biriňiz meniň ýanymda galarsyňyz, beýlekileriňiz bolsa aç oturan hojalyklaryňyza galla alyp gidersiňiz.

[34] Körpe iniňizi meniň ýanyma getiriň. Şonda men siziň içaly däl-de, ak ýürekli adamlardygyňyza ynanaryn. Şondan soň siziň doganyňyzy yzyna bererin we siz bu ýurtda söwda-satyk edip bilersiňiz“» diýip, kakalaryna hemmesini bolşy ýaly gürrüň berdiler.

[35] Çuwallaryny boşadanlarynda, olar we olaryň kakasy Ýakup pully düwünçekleriniň çuwallardadygyny görüp gorkdular.

[36] Ýakup olara şeýle diýdi: «Bu zatlar meniň başyma geldi: siz meni çagalarymdan mahrum etdiňiz. Ýusuby-da, Şimgony-da ýokladyňyz, indem Benýamini äkitjek bolýarsyňyz».

[37] Ruben kakasyna: «Eger ony gaýtaryp getirmesem, onda meniň iki oglumy-da öldüräý. Benýamini meniň ygtyýaryma ber, men ony seniň ýanyňa gaýtaryp getirerin» diýdi.

[38] Ýakup: «Oglumy siziň bilen iberjek däl, çünki onuň agasy ölüp, ýeke özi galdy. Eger ýolda Benýamin bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz» diýdi.

Gelip çykyş — Chapters