Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:53

[1] Soňra Ýakup ýoluny dowam etdirip, gündogar halkyň ýurduna geldi.

[2] Ol başyny galdyranda, onuň gözi açyk meýdandaky bir guýa düşdi. Guýynyň başynda üç süri goýun ýatyrdy. Bu goýun sürüleri şol guýudan suwa ýakylýardy. Guýynyň agzynda ullakan bir daş bardy.

[3] Çopanlar sürüleriň baryny guýynyň başyna ýygnanlaryndan soň, daşy aýryp, dowarlaryny suwa ýakardylar-da, ýene-de daşy guýynyň agzyna goýardylar.

[4] Ýakup ol ýerdäki adamlardan: «Doganlar, siz nireden?» diýip sorady. Olar: «Biz haranly» diýdiler.

[5] Ýakup olardan: «Siz Nahoryň agtygy Labany tanaýarmysyňyz?» diýip sorady. Olar: «Tanaýarys» diýdiler.

[6] Ýakup ýene-de olardan: «Ol sag-salamatmydyr?» diýip sorady. Olar: «Hawa, ol sag-gurgundyr. Hanha, onuň gyzy Rahel dowaryny sürüp gelýär» diýdiler.

[7] Soňra Ýakup: «Entek günortan çagy ahyryn; entek dowarlary ýygnardan ir; olary suwa ýakyň-da, äkidip bakyň» diýdi.

[8] Olar: «Çopanlar sürüleri ýygnaýança, biz dowarlary suwa ýakyp bilmeris; guýynyň agzyndaky daş aýrylandan soň, dowarlary suwa ýakyp bileris» diýdiler.

[9] Ýakup olar bilen gepleşip durka, Rahel kakasynyň dowarlaryny guýa getirdi. Rahel çopandy.

[10] Ýakup Raheli öz daýysy Labanyň sürüsi bilen görende, ol guýynyň ýanyna bardy-da, onuň agzyndaky daşy aýryp, daýysy Labanyň dowarlaryny guýudan suwa ýakdy.

[11] Soňra ol Raheli ogşap, içigip-içigip aglady.

[12] Ýakup özüniň Raheliň kakasy bilen garyndaşdygyny, özüniň Rebekanyň ogludygyny Rahele aýtdy. Rahel ylgap gidip, kakasyna habar berdi.

[13] Laban öz ýegeni Ýakubyň gelendigini eşidip, ylgap onuň öňünden çykdy. Ol Ýakuby gujaklap ogşady; ony öýüne alyp gaýtdy. Ýakup Labana bolup geçen wakalaryň hemmesini gürrüň berdi.

[14] Laban oňa: «Sen meniň öz süýegim, öz tenimsiň» diýdi. Ýakup Labanyň öýünde bir aý ýaşandan soň,

[15] Laban oňa: «Garyndaşym diýip, sen maňa şeýdip, mugt hyzmat etjek ýörjekmi? Saňa näçe zähmet hak tölemeli? Aýt!» diýdi.

[16] Labanyň iki gyzy bardy. Ulusynyň ady Leýa, kiçisiniň ady bolsa Raheldi.

[17] Leýanyň gözleri mylaýymdy, Rahel bolsa syratlydy we owadandy.

[18] Ýakup Raheli söýdi. Ol Labana: «Kiçi gyzyň Rahel üçin men ýedi ýyl hyzmatyňy edeýin» diýdi.

[19] Laban: «Ony başga birine berenden, saňa berenim gowudyr. Meniň ýanymda boluber» diýdi.

[20] Ýakup Rahel üçin ýedi ýyllap Labanyň hyzmatyny etdi. Raheli juda söýýändigine görä, ýedi ýyl onuň üçin ýedi gün ýaly bolup geçip gitdi.

[21] Bir gün Ýakup Labana: «Möhletim doldy, gelinligimi maňa ber, men onuň ýanyna gireýin» diýdi.

[22] Şeýdip, Laban töwerek-daşyny çagyryp, toý tutdy.

[23] Emma şol gije Laban Raheliň deregine uly gyzy Leýany Ýakubyň ýanyna alyp bardy; Ýakup Leýa ýanaşdy.

[24] (Laban hyzmatkäri Zilpany gyzy Leýa gyrnak edip beripdi.)

[25] Daň atdy, ine, görse bu Leýa eken. Ýakup Labana: «Bu näme etdigiň boldy? Men saňa Rahel üçin hyzmat etmänmidim näme? Sen näme üçin meni aldadyň?» diýdi.

[26] Laban oňa: «Ulusy otyrka, kiçisi durmuşa çykarylmaz. Bu biziň ilimiziň däbidir.

[27] Bir hepdelik toý dabarasy geçsin, saňa Raheli-de bererin, ýöne onuň üçin ýene ýedi ýyl hyzmatymy etmeli bolarsyň» diýdi.

[28] Ýakup Laban bilen ylalaşdy. Bir hepdelik toý dabarasy geçenden soň, Laban kiçi gyzy Raheli-de Ýakuba berdi.

[29] (Laban hyzmatkäri Bilhany Rahele gyrnak edip beripdi.)

[30] Ýakup Rahele hem ýanaşdy. Ol Raheli Leýadan artyk söýýärdi. Ol Labana ýene-de ýedi ýyl hyzmat etdi.

[31] Reb Leýanyň söýülmeýändigini görüp, onuň ýatgysyny açdy. Rahelden bolsa çaga dogmaýardy.

[32] Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi.

[33] Ol ýene-de göwreli boldy we bir ogul dogurdy. Ol: «Reb meniň söýülmeýändigimi eşidip, maňa bu ogly hem berdi» diýdi. Leýa oglunyň adyna Şimgon dakdy.

[34] Leýa üçünji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol: «Adamymyň ýüregi indi maňa baglansa gerek, çünki men oňa üç ogul dogrup berdim» diýdi. Şol sebäpden hem ol üçünji oglunyň adyna Lewi dakdy.

[35] Leýa ýene-de göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Indi men Rebbe alkyş aýdaryn» diýip, oglunyň adyna Ýahuda dakdy. Soňra ol çaga dogmakdan galdy.

Gelip çykyş — Chapters