Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 8:51

[1] Iki ýyldan soň faraon bir düýş gördi. Ol Nil derýasynyň kenarynda durmuşyn.

[2] Birdenkä ýedi sany bakylan, semiz sygyr derýadan çykyp, gamyşlygyň içinde otlamaga başlaýarmyş.

[3] Olardan soň bolsa derýadan ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykyp, kenarda öňküleriň ýanynda durýarmyş.

[4] Süňkleri çykyşyp duran şol hor sygyrlar beýleki ýedi semiz sygry iýýärmiş. Şol wagt hem faraon ukudan oýandy.

[5] Ol ýene uka gitdi we bu gezek başga bir düýş gördi. Bir baldakdan ýedi sany dok we oňat däne sümmüli ösüp çykýarmyş.

[6] Olardan soň bolsa gündogar ýeline guran ýedi sany puç däne sümmüli ösüp çykýarmyş.

[7] Soňra şol ýedi sany guran puç sümmül beýleki dok hem dykyz ýedi sümmüli iýýärmiş. Şol wagt hem faraon ýene-de ukudan oýandy we munuň düýşüdigine düşündi.

[8] Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.

[9] Baş saky faraona ýüzlenip, oňa şeýle diýdi: «Şu gün men hata iş edendigimi boýun alýaryn.

[10] Bir gün faraonyň baş nan bişiriji bilen maňa gahary gelip, bizi janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndana saldy.

[11] Bir gije biziň ikimiz-de düýş gördük. Düýşleriň hersiniň özüne laýyk ýorgudy bolmalydy.

[12] Biziň ýanymyzda janpenalaryň baştutanynyň hyzmatkäri bolan bir ýewreý ýigit hem bardy. Biz öz düýşümizi şoňa gürrüň berdik we ol biziň gören düýşlerimizi olaryň mazmunyna görä ýorup berdi.

[13] Ýusubyň ýorgudy dogry bolup çykdy. Men öňki wezipäme dolanyp geldim, baş nan bişiriji bolsa dardan asyldy».

[14] Faraon Ýusuby çagyrtdy. Ony dessine zyndandan çykardylar. Ýusup özüne serenjam berdi, geýimlerini çalşyrdy we faraonyň huzuryna geldi.

[15] Faraon Ýusuba: «Men bir düýş gördüm, ýöne ony ýorup bilýän ýok. Men sen düýş ýorup bilýärmişiň diýip eşitdim» diýdi.

[16] Ýusup faraona: «Ony ýorýan men däldirin; diňe Hudaý faraona bähbitli düşündiriş berer» diýdi.

[17] Faraon Ýusuba düýşüni gürrüň berdi: «Men düýşümde Nil derýasynyň kenarynda durmuşym.

[18] Birdenkä derýadan ýedi sany bakylan, semiz sygyr çykyp, gamyşlygyň içinde otlap başlaýarmyş.

[19] Olaryň yzyndan bolsa derýadan ýene-de ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykýarmyş. Men şeýle hor sygyrlary bütin Müsürde hiç haçan görmändim.

[20] Soňra şol hor süňkleri çykyşyp duran sygyrlar öňki ýedi semiz sygry iýýärmişler.

[21] Emma olaryň semiz sygyrlary iýendigini hiç kim bilip biljek däldi, çünki olaryň entegem öňküleri ýaly süňkleri çykyşyp durmuşyn. Şol wagt hem men oýandym.

[22] Soňra ýene başga bir düýş gördüm. Bir baldakda ýedi sany dok we dykyz sümmül gögerýärmiş.

[23] Olardan soň bolsa ýedi sany gündogar ýeline guran puç sümmül ösüp çykýarmyş.

[24] Şol puç sümmüller hem öňki ýedi dok sümmüli iýýärmişler. Men muny jadygöýlere gürrüň berdim, emma muny maňa düşündirip bilen tapylmady».

[25] Ýusup faraona şeýle diýdi: «Jenabyň iki düýşüniň hem manysy birdir. Hudaý faraona Öz etjek zadyny aýan edipdir.

[26] Ýedi semiz sygyr bilen ýedi dok sümmül bu ýedi ýyldyr. Bu ikisi bir düýşdür.

[27] Soňky çykan ýedi hor sygyr bilen gündogar ýeline guran ýedi puç sümmül, ýedi ýyllap dowam etjek açlygy aňladýar.

[28] Meniň aýdyşym ýaly, Hudaý faraona Öz etjek zadyny görkezipdir.

[29] Bütin Müsür topragynda ýedi ýyl bolelinlik bolar.

[30] Soňra ýedi ýyl açlyk geler. Müsüriň öňki bolçulygy unudylar, çünki açlyk Müsüri ejizleder.

[31] Soňky gelen açlyk bolçulygy unutdyrar, çünki ol juda agyr geler.

[32] Faraonyň şol bir düýşi iki gezek görmegi işiň Hudaý tarapyndan kesgitlenendigini we Hudaýyň ony tizara amala aşyrjakdygyny aňladýar.

[33] Şoňa görä-de, faraonyň düşbi, pähim-paýhasly adamy tapyp, ony Müsüre baştutan edip bellemegi zerurdyr.

[34] Faraon bütin Müsürde häkimler bellemelidir we olar ýedi ýyllyk bolçulykda Müsür ýurdunyň hasylynyň bäşden birini almalydyrlar.

[35] Goý, olar öňlerindäki geljek bolçulyk ýyllarynda galla toplap, ony galalarda faraonyň ygtyýarlygynda saklasynlar.

[36] Bu galla Müsür açlykdan heläk bolmaz ýaly, oňa ýedi ýyl azyk bolar».

[37] Faraona we onuň ähli emeldarlaryna bu teklip ýarady.

[38] Faraon öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň Ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi.

[39] Soňra ol Ýusuba: «Hudaý şu zatlaryň ählisini saňa aýan etdi, seniň ýaly düşbi, pähim-paýhasly adam ýokdur.

[40] Sen meniň ýurdumda hökümdarlyk edersiň; halk saňa boýun eger. Men diňe şa tagtynda senden beýik bolaryn».

[41] Soňra faraon Ýusuba: «Ine, men seni tutuş Müsür topragyna hökümdar edip belleýärin» diýdi.

[42] Faraon barmagyndaky patyşalyk möhürini çykaryp, ony Ýusubyň barmagyna dakdy; oňa gymmatbaha lybaslar geýdirdi we boýnuna altyn zynjyr dakdy.

[43] Soňra faraon Ýusuby özüniň weziriniň at arabasyna mündürtdi; Ýusubyň öňünden: «Tagzym ediň!» diýip jar çekdirdiler. Şeýdip, patyşa Ýusuby tutuş Müsür ýurduna hökümdar edip belledi.

[44] Faraon Ýusuba: «Faraon men bolsam-da, Müsüriň hiç bir ýerinde senden rugsatsyz çöp başy gymyldamaz» diýdi.

[45] Faraon Ýusuba Sopnat-Pagnyýa diýip, müsürçe at dakdy; ony Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenada öýerdi. Şeýdip, Ýusup tutuş Müsür ýurduny dolandyryp başlady.

[46] (Müsür patyşasy faraona hyzmat edip başlanda, Ýusup otuz ýaşyndady.) Ýusup faraonyň ýanyndan gaýdyp, bütin Müsüre aýlandy.

[47] Ýedi ýyllyk bolçulykda toprak bol galla berdi.

[48] Ýusup Müsür topragyndan ýedi ýylyň dowamynda önen ähli gallany ýygnap, galalarda ýerleşdirdi. Ol her galanyň töwereginden ýygnalan gallany şol galanyň özünde saklady.

[49] Şeýdip, Ýusup deňiz çägeleri deý köp galla hasylyny toplady, hatda ol soňabaka olary ölçemesini-de goýdy.

[50] Açlyk ýyllary başlamazyndan öň, Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenada Ýusuba iki ogul dogrup berdi.

[51] Ýusup: «Hudaý maňa ähli muşakgatlyklarymy hem-de atamyň öýüni unutmaga ýardam etdi» diýip, nowbahar oglunyň adyna Manaşa dakdy.

[52] Ol ikinji ogly bolanda: «Jebir çeken topragymda Hudaý meni örňetdi» diýip, onuň adyna Efraýym dakdy.

[53] Müsüriň ýedi ýyllyk bolçulyk döwri tamamlandy.

[54] Ýusubyň aýdyşy ýaly, ýedi ýyllyk açlyk başlandy. Ähli ýurtlarda açlyk boldy. Emma bütin Müsürde iýmit bardy.

[55] Ahyry açlyk Müsür topragyna hem aralaşyp ugrady. Halk nalyş bilen faraondan azyk sorap başlady. Faraon ähli müsürlilere: «Ýusubyň ýanyna baryň-da, şonuň diýeni bilen boluň» diýdi.

[56] Açlyk Müsüriň ähli ýerine ýaýrap, gitdigisaýy güýjeýärdi. Ýusup ammarlary açyp, Müsür halkyna galla satyp başlady.

[57] Ýusupdan galla satyn almak üçin, Müsüre dünýäniň ähli künjeklerinden adamlar geldiler, çünki bütin dünýäde açlyk barha güýjeýärdi.

Gelip çykyş — Chapters