Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:27

[1] Ysawyň, ýagny Edomyň nesilleri şulardyr.

[2] Ysaw Kengan gyzlaryna öýlendi. Ol het Eýlonyň gyzy Ada, hiwi Sibgonyň ogly Ananyň gyzy Oholybama hem-de Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Bosmata öýlendi.

[4] Ada Ysawa Elipazy, Bosmat Reguwaly,

[5] Oholybama bolsa Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi. Ine, şular Ysawyň Kengan ýurdundaka doglan ogullarydyr.

[6] Ysaw aýallaryny, ogul-gyzlaryny, hojalygyndakylaryň ählisini, mallaryny hem-de Kenganda gazanan ähli emlägini alyp, dogany Ýakubyň ýanyndan aýrylyp, başga ýere gitdi.

[7] Olaryň maly juda köpdi. Şeýle bolansoň, olar bir ýerde ýaşap biljek däldiler, olaryň dowarlaryna öri darlyk edýärdi.

[8] Ysaw, ýagny Edom Segir daglygynda ýaşady.

[9] Segir daglygyndaky edomlaryň atasy bolan Ysawyň nesilleri şulardyr.

[10] Olaryň atlary şeýledir: Ysawyň aýaly Adadan bolan ogly Elipaz, Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogly Reguwal.

[11] Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz.

[12] Timna Ysawyň ogly Elipazyň gyrnak aýalydy. Ol Elipaza Amalegi dogrup berdi. Bular Ysawyň aýaly Adadan bolan nesilleridir.

[13] Reguwalyň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza. Bular Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan nesilleridir.

[14] Ysawyň aýaly Oholybama Sibgonyň agtygy, Ananyň gyzydy. Oholybama Ysawa şu ogullary: Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi.

[15] -

[16] Ysawyň nesillerinden dörän urugbaşylar şulardyr: Ysawyň nowbahar ogly Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Kenaz, Kora, Gatam we Amalek. Şular Elipazyň Edom ýurdundaky ogullarydyr; olar Ysawyň Adadan bolan ogullarydyr.

[17] Ysawyň ogly Reguwalyň ogullary şulardyr: urugbaşylar Nahat, Zera, Şamma, Miza. Bular Reguwalyň Edom ýurdundaky ogullarydyr. Olar Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr.

[18] Ysawyň aýaly Oholybamadan bolan ogullary: Ýeguş, Ýaglam, Kora. Bular Ysawyň Ananyň gyzy Oholybamadan bolan ogullarydyr.

[19] Bularyň hemmesi Ysawyň, ýagny Edomyň ogullarydyr. Olar urugbaşylardyr.

[20] -

[21] Hory tiresinden Segiriň ogullary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan. Olar ýurduň ýaşaýjylarydyr we horylaryň urugbaşylarydyr. Bular Segiriň Edom ýurdundaky ogullarydyr.

[22] Lotanyň ogullary şulardyr: Hory, Homam. Timna Lotanyň aýal doganydy.

[23] Şobalyň ogullary: Alwan, Manahat, Eýbal, Şepo, Onam.

[24] Sibgonyň ogullary: Aýa, Ana (ol kakasynyň eşeklerini bakyp ýörkä, çölde gyzgyn suwly çeşmeleri tapdy).

[25] Ananyň çagalary: Dişon we gyzy Oholybama.

[26] Dişonyň ogullary: Hemdan, Eşban, Ýytran, Keran.

[27] Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan, Akan.

[28] Dişanyň ogullary: Us, Aran.

[29] -

[30] Segir ýurdundaky uruglaryna görä hory urugbaşylary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser, Dişan.

[31] Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öň Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr.

[32] Begoryň ogly Bala Edomda patyşalyk etdi. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabady.

[33] Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.

[34] Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.

[35] Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy.

[36] Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy.

[37] Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Ýewfrat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul patyşa boldy.

[38] Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy.

[39] Akboryň ogly Bagalhanan dünýäden ötenden soň onuň ýerine Hadar patyşa boldy. Ol Pagu galasyndandy. Hadaryň aýalynyň ady Meheýtabeldi. Ol Matrediň gyzy, Meýzahabyň agtygydy.

[40] -

[43] Uruglary, ýurtda mesgen tutýan ýerleri hem atlary boýunça Ysawdan dörän edom urugbaşylary şulardyr: Timna, Alwa, Ýetet, Oholybama, Ela, Pinon, Kenaz, Teýman, Mibsar, Magdyýel, Iram. Bu uruglaryň hemmesi Ysawdan dörediler.

Gelip çykyş — Chapters