[1] Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim» diýdi.
[2] Soňra ol Kabylyň dogany Habyly dogurdy. Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa daýhan bolup ýetişdi.
[3] Birnäçe wagtdan soň Kabyl topragyň miwesinden Rebbe sadaka getirdi.
[4] Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň semizlerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi.
[5] Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ýüzüni sallady.
[6] Reb Kabyla şeýle diýdi: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň?
[7] Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!»
[8] Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi.
[9] Reb Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Ol: «Habarym ýok, men näme doganymyň sakçysymy?» diýdi.
[10] Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär.
[11] Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň.
[12] Sen näçe jan çekseň-de, ýer saňa hasyl bermez, sen ýer ýüzünde gaçgak hem sergezdan bolarsyň».
[13] Kabyl Rebbe: «Jezam çekerden agyr.
[14] Ine, bu gün Sen meni mes toprakly ýerden kowduň. Men Seniň huzuryňdan gizlenip, ýer ýüzünde gaçgak we sergezdan bolaryn. Maňa duşan, meni öldürer» diýdi.
[15] Emma Reb oňa: «Ýok! Kabyly öldüren adamdan ýedi gezek öç alnar» diýdi. Reb Kabyla duşanyň ony öldürmezi ýaly, oňa bellik goýdy.
[16] Soňra Kabyl Rebbiň huzuryndan gidip, Eremiň gündogaryndaky Not ýurdunda mesgen tutdy.
[17] Kabyl aýalyna ýanaşdy. Onuň aýaly hamyla bolup, Hanogy dogurdy. Kabyl gala bina edip, oňa ogly Hanogyň adyny dakdy.
[18] Hanokdan Irat, Iratdan Mehuýaýyl, Mehuýaýyldan Metuşaýel, Metuşaýelden Lemek doguldy.
[19] Lemek iki aýal aldy: olaryň biriniň ady Ada, beýlekisiniňki bolsa Sillady.
[20] Ada Ýabaly dogurdy. Ýabal çadyrda ýaşaýan maldarlaryň atasydy.
[21] Onuň doganynyň ady Ýubaldy. Ýubal lira we tüýdük çalýanlaryň atasydy.
[22] Silla Tubal-Kabyly dogurdy. Tubal-Kabyl bürünçden we demirden dürli gurallary ýasaýardy. Onuň Nagama atly aýal dogany bardy.
[23] Lemek aýallaryna şeýle diýdi: «Eý, Ada we Silla, maňa gulak asyň! Aýallarym, sözümi diňläň! Meni ýaralan adamy öldürerin, meni uran juwan ýigidi öldürerin.
[24] Kabyl üçin ýedi gezek öç alynsa, Lemek üçin ýetmiş ýedi gezek öç alnar».
[25] Adam ýene aýalyna ýanaşdy. How bir ogul dogurdy. Ol: «Kabylyň elinden ölen Habylyň deregine Reb maňa başga bir ogul berdi» diýip, onuň adyna Şis dakdy.
[26] Şisden hem bir ogul doguldy; ol onuň adyna Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap adamlar Rebbe ybadat edip başladylar.