Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:49

[1] Ýakup töweregine seredip, Ysawyň dört ýüz adam bilen bile gelýändigini gördi. Şeýdip, ol çagalaryny Leýanyň, Raheliň we iki gyrnagynyň arasynda böldi.

[2] Gyrnaklaryny öz çagalary bilen bile öňde, Leýany öz çagalary bilen bile olaryň yzyndan, Rahel bilen Ýusuby bolsa hemmesiniň yzyndan goýdy.

[3] Ýakubyň özi bolsa tutuş maşgalasynyň öňüne düşüp, doganyna golaýlaşýança, oňa ýedi gezek iki bükülip tagzym etdi.

[4] Emma Ysaw Ýakuba tarap ylgady; ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, ony ogşady. Olar aglaşdylar.

[5] Soňra Ysaw töweregine seredip, aýallary hem çagalary gördi. Ol: «Ýanyňdakylar kim?» diýip sorady. Ýakup Ysawa: «Bular Hudaýyň öz guluňa merhemet bilen beren çagalarydyr» diýip jogap berdi.

[6] Onsoň gyrnaklar öz çagalary bilen, soňra Leýa öz çagalary bilen gelip, oňa tagzym etdiler. Iň soňundan bolsa Rahel bilen Ýusup gelip, oňa tagzym etdiler.

[8] Ysaw Ýakupdan: «Men mal sürüsi bilen gelýän adamlara duşdum. Olary näme üçin iberdiň?» diýip sorady. Ýakup oňa: «Olary men sen jenabymyň göwnüni tapmak üçin iberdim» diýip jogap berdi.

[9] Ysaw oňa: «Dogan, meniň özümiňki özüme ýeterlik, seniň öz zadyň özüňki bolsun» diýdi.

[10] Şonda Ýakup oňa: «Ýok, beýtme. Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda sen meniň sowgatlarymy kabul et. Men seniň ýüzüňi görüp, hut Hudaýyň ýüzüni gören ýaly boldum. Sen meni açyk ýüz bilen garşy aldyň.

[11] Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.

[12] Soňra Ysaw Ýakuba: «Indi bu ýerden ugralyň, men siziň gapdalyňyzdan ýörärin» diýdi.

[13] Ýakup oňa şeýle jogap berdi: «Çagalaryň näzikdigini, sagylýan ownukly-irili mallaryň maňa aladadygyny, meniň jenabym bilýändir. Eger dowarlary gaty gyssasak, olaryň bary haram öler.

[14] Şoňa görä-de, jenabym, sen öz guluňyň öňünden gidiber. Men mallaryň hem çagalaryň aýagyna ýöräp, gyssanman barybererin. Jenabym, seniň bilen Segirde duşuşarys».

[15] Ysaw oňa: «Men hem öz adamlarymdan birnäçesini seniň ýanyňda galdyraýyn» diýdi. Emma Ýakup oňa: «Beýtmek nämä gerek? Jenabym maňa eýýäm ýeterlik merhemet etdi» diýip jogap berdi.

[16] Ysaw öňden gaýdyp, şol gün Segire tarap ýola düşdi.

[17] Emma Ýakup Sukoda tarap gitdi. Ol ýerde özüne öý gurdy, mallaryna bolsa agyllar ýasady. Şol sebäpden-de ol bu ýeri «Sukot» diýip atlandyrdy.

[18] Ýakup Padanaramdan Kengandaky Şekem galasyna sag-aman geldi. Ol galanyň eteginde düşledi.

[19] Ýakup çadyryny diken ýerindäki bir bölek ýeri, Şekemiň atasy Hamoryň ogullaryndan ýüz kümüş teňňä satyn aldy.

[20] Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl diýip atlandyrdy.

Gelip çykyş — Chapters