[1] Ybram aýalyny hem ähli emlägini alyp, Müsürden çykyp, Negep çölüne gitdi. Lut hem onuň ýanyndady.
[2] Ybram juda baýdy. Onuň süri-süri ownukly-irili mallary, altyn-kümüşleri bardy.
[3] Ybram Negep çölünden gaýtdy we bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, Beýtele ýetdi. Ol Beýtel bilen Aýyň aralygyndaky öňki çadyr diken ýerine bardy we öňki ýasan gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbe ybadat etdi.
[5] Ybram bilen bile gelen Lutuň hem ownukly-irili mallary we çadyrlary bardy.
[6] Mallary juda köp bolansoň, olara öri darlyk etdi. Şol sebäpli hem olar bile ýaşap biljek däldiler.
[7] Şeýdip, Ybramyň çopanlary bilen Lutuň çopanlarynyň arasynda dawa-jenjel turdy. Şol döwürlerde kenganlar bilen perizler hem Kengan topragynda ýaşaýardylar.
[8] Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn. Biz garyndaşdyrys.
[9] Ine, tutuş ýurt seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Biz aýrylyşaly. Sen saga gitseň, men sola giderin, sen sola gitseň, men saga giderin» diýdi.
[10] Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi.
[11] Lut özüne Iordan deresini saýlap alyp, gündogara tarap ýola rowana boldy. Şeýdip, olar aýrylyşdylar.
[12] Ybram Kenganda, Lut bolsa Iordan deresindäki galalarda düşlediler. Lut çadyryny Sodomyň çetinde dikdi.
[13] Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.
[14] Lut aýrylyp gidenden soň, Reb Ybrama şeýle diýdi: «Häzirki oturan ýeriňden demirgazyga we günorta, gündogara we günbatara gözüňi aýla.
[15] Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin.
[16] Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.
[17] Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek».
[18] Şeýdip, Ybram göçüp, Hebronyň golaýyndaky Mamräniň dub tokaýjygyna geldi we şol ýerde düşläp, Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.