Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:38

[1] Ysmaýyllar Ýusuby Müsüre getirip, faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar.

[2] Reb Ýusup bilen biledi. Ýusubyň işleri oňuna boldy; ol müsürli jenabynyň öýünde ýaşaýardy.

[3] Müsürli jenap Ýusubyň ähli işlerine Rebbiň kömek edýändigine we Onuň Ýusuba ähli işinde üstünlik berýändigine göz ýetirdi.

[4] Şeýdip, Ýusup jenabynyň göwnüni tapyp, oňa hyzmat etdi. Ol Ýusuby bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip belläp, öz eýeçiligindäki ähli zatlary onuň ygtyýaryna berdi.

[5] Şondan soň Reb Ýusubyň hatyrasy üçin bu müsürliniň bütin hojalygyna we onuň öýündäki hem meýdandaky ähli mal-mülküne bereket berdi.

[6] Potypar ähli mal-mülküni Ýusubyň ygtyýarlygyna berdi. Ol indi öz damagyndan başga zada baş galdyrmaýardy. Ýusup boý-syratly, juda görmegeý ýigitdi.

[7] Aradan birnäçe wagt geçenden soň, oňa Potyparyň aýalynyň göwni gidip: «Meniň bilen ýat» diýdi.

[8] Emma Ýusup mundan boýun gaçyryp, şeýle diýdi: «Jenabym öýüň hiç bir zady üçin baş galdyrmaýar. Ol öz eýeçiligindäki bar zatlary meniň baştutanlygyma berdi.

[9] Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!»

[10] Potyparyň aýaly Ýusuby özi bilen ýatmaga her gün yrjak bolsa-da, ol oňa gulak asmady.

[11] Bir gün Ýusup öz işi bilen öýe girdi. Öýde hyzmatkärleriň hiç biri ýokdy.

[12] Potyparyň aýaly onuň eşiginden tutdy-da: «Meniň bilen ýat» diýdi. Emma Ýusup eşigini onuň elinde galdyryp, gaçyp daşary çykdy.

[13] -

[14] Ýusubyň eşigini elinde galdyryp gaçandygyny gören aýal hyzmatkärlerini çagyryp, olara: «Görseňizläň, meniň ärim bu ýewreýi bizi biabraý etmek üçin getiripdir. Ol meniň bilen ýatjak bolup, otagyma geldi, men sesimiň ýetdiginden gygyrdym.

[15] Şonda ol eşigini ýanymda taşlap, daşary gaçyp gitdi» diýdi.

[16] Soňra ol Ýusubyň jenaby gelýänçä, onuň eşigini öz ýanynda saklady.

[17] -

[18] Ol Ýusubyň jenabyna-da öz hyzmatkärlerine aýdan sözlerini gaýtalady: «Seniň getiren ýewreý guluň meni biabraý etmek üçin otagyma geldi. Gykylyk turzanymy görüp, ol eşigini ýanymda taşlap gaçyp gitdi».

[19] Aýalynyň: «Guluň meni, ine, şeýtdi» diýen sözlerini eşidensoň, jenabyň gany depesine urdy.

[20] Ol Ýusuby tutup, patyşanyň tussaglarynyň saklanýan zyndanyna saldy. Şeýdip, Ýusup zyndanda oturdy.

[21] Ýöne Reb Ýusup bilen bolup, oňa merhemet etdi. Ýusup zyndanyň başlygynyň göwnünden turdy.

[22] Zyndanyň başlygy ol ýerdäki tussaglaryň ählisini Ýusubyň eline berdi. Ýusup zyndanyň ähli işi üçin jogapkärçilik çekdi.

[23] Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi.

Gelip çykyş — Chapters