Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:33

[1] Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.

[2] Düýpsüz çuňlugyň çeşmeleri beklendi, Gökleriň penjireleri ýapyldy, Gökdäki ýagyş diňdi.

[3] Suw ýer ýüzünden kem-kemden çekildi; ýüz elli günden soň suw peseldi.

[4] Gämi ýedinji aýyň on ýedisi güni Ararat daglarynda saklandy.

[5] Onunjy aýa çenli suw peselmegini dowam etdi; onunjy aýyň biri güni daglaryň başy göründi.

[6] Kyrk günden soň Nuh öz ýasan gämisiniň penjiresini açdy-da, bir gargany çykaryp, uçuryp goýberdi; garga tä ýer guraýança uçup geziberdi.

[8] Soňra suwuň ýerden doly çekilendigini ýa-da çekilmändigini bilmek üçin Nuh bir kepderini uçuryp goýberdi.

[9] Kepderi gonara ýer tapman, onuň ýanyna gämä dolanyp geldi, çünki ýeriň ýüzi entek hem suw bilen örtülendi. Nuh elini uzadyp kepderini tutdy-da, ony öz ýanyna gämä aldy.

[10] Nuh ýedi gün garaşandan soň, ýene-de kepderini uçuryp goýberdi.

[11] Kepderi agşam onuň ýanyna dolanyp geldi. Bu gezek onuň agzynda zeýtun agajynyň täze ýolnan ýapragy bardy. Nuh suwuň ýerden çekilendigine göz ýetirdi.

[12] Ol ýene ýedi gün garaşandan soň, kepderini üçünji gezek iberdi. Kepderi bu sapar yzyna dolanmady.

[13] Nuhuň ömrüniň alty ýüz birinji ýylynyň ilkinji aýynyň birine suw ýerden çekilipdi. Nuh gäminiň üçegini söküp, daş-töweregine seretdi; ýeriň ýüzi sarygypdy.

[14] Ikinji aýyň ýigrimi ýedisine ýer bütinleý gurady.

[15] -

[17] Reb Nuha: «Aýalyň, ogullaryň we gelinleriň bilen gämiden çyk. Ýanyňda bar bolan janly-jandarlaryň ählisini – ähli haýwanlary: guşlary, mallary, süýrenijileri özüň bilen gämiden alyp çyk. Goý, olar ýeriň ýüzüne ýaýrap, örňäp köpelsinler» diýdi.

[18] Nuh aýaly, ogullary we gelinleri bilen gämiden çykdy.

[19] Ähli haýwanlar, ähli süýrenijiler, ähli guşlar – ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlar öz görnüşleri bilen gämiden çykdylar.

[20] Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi.

[21] Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.

[22] Indiden beýläk ýerde ekişdir orumyň, aňzakdyr jöwzanyň, tomusdyr gyşyň hem-de gije-gündiziň ömürboýy yzy üzülmez».

Gelip çykyş — Chapters