[1] Adamyň nesilleri baradaky taryhy ýazgylar şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy.
[2] Hudaý olary erkek we aýal edip ýaratdy; onsoň olara pata berip, olary «ynsan» diýip atlandyrdy.
[3] Adam ýüz otuz ýaşyndaka, ondan öz keşbinde, özüne meňzeş bir ogul dünýä indi. Ol oglunyň adyna Şis dakdy.
[4] Şis doglandan soň, Adam sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul--gyz dünýä indi.
[5] Şeýdip, Adam jemi dokuz ýüz otuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
[6] Şis ýüz bäş ýaşyndaka, ondan Enoş doguldy.
[7] Enoş doglandan soň, Şis sekiz ýüz ýedi ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
[8] Şeýdip, Şis jemi dokuz ýüz on iki ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
[9] Enoş togsan ýaşyndaka, ondan Keýnan doguldy.
[10] Keýnan doglandan soň, Enoş sekiz ýüz on bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
[11] Şeýdip, Enoş jemi dokuz ýüz bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
[12] Keýnan ýetmiş ýaşyndaka, ondan Mahalalel doguldy.
[13] Mahalalel doglandan soň, Keýnan sekiz ýüz kyrk ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
[14] Şeýdip, Keýnan jemi dokuz ýüz on ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
[15] Mahalalel altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Ýeret doguldy.
[16] Ýeret doglandan soň, Mahalalel sekiz ýüz otuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
[17] Şeýdip, Mahalalel jemi sekiz ýüz togsan bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
[18] Ýeret ýüz altmyş iki ýaşyndaka, ondan Hanok doguldy.
[19] Hanok doglandan soň, Ýeret sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
[20] Şeýdip, Ýeret jemi dokuz ýüz altmyş iki ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
[21] Hanok altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Metuşela doguldy.
[22] Metuşela doglandan soň, Hanok ýene üç ýüz ýyl ýaşady we Hudaýyň huzurynda gezdi. Ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
[23] Şeýdip, Hanogyň ýaşan günleri üç ýüz altmyş bäş ýyl boldy.
[24] Hanok Hudaýyň huzurynda gezdi; soňra ol birdenkä gaýyp boldy, sebäbi Hudaý ony Öz ýanyna alypdy.
[25] Metuşela ýüz segsen ýedi ýaşyndaka, ondan Lemek doguldy.
[26] Lemek doglandan soň, Metuşela ýedi ýüz segsen iki ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
[27] Şeýdip, Metuşela jemi dokuz ýüz altmyş dokuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
[28] Lemek ýüz segsen iki ýaşyndaka, ondan bir ogul dünýä indi.
[29] Lemek: «Rebbiň topragy näletländigi sebäpli, biz agyr zähmet çekmeli bolýarys. Bu çaga biziň elimize agyr zähmet çekmekden teselli berer» diýip, onuň adyna Nuh dakdy.
[30] Nuh doglandan soň, Lemek bäş ýüz togsan bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul--gyz dünýä indi.
[31] Şeýdip, Lemek jemi ýedi ýüz ýetmiş ýedi ýyl ýaşap dünýäden ötdi.
[32] Nuh bäş ýüz ýaşyndaka, ondan Sam, Ham we Ýafes dünýä indi.