[1] Ysraýyl ähli zatlaryny alyp, ýola rowana boldy. Ol Beýerşeba gelip, kakasy Yshagyň Hudaýyna gurbanlyklar berdi.
[2] Şol gije Hudaý Ysraýyla görnüp, oňa: «Ýakup! Ýakup!» diýdi. Ysraýyl Oňa: «Lepbeý!» diýip jogap berdi.
[3] Hudaý oňa şeýle diýdi: «Men Hudaýdyryn, seniň ataňyň Hudaýydyryn. Sen Müsüre gitmekden gorkma. Men ol ýerde senden bir beýik millet ýaradaryn.
[4] Men seniň bilen bile Müsüre giderin we seni soň ýene-de öz topragyňa getirerin. Sen dünýäden öteniňde, Ýusup seniň ýanyňda bolar».
[5] Onsoň Ýakup Beýerşebadan gaýtdy. Ysraýylyň ogullary kakalary Ýakuby, öz çagalarydyr aýallaryny, faraonyň iberen arabalaryna mündürdiler.
[6] Ýakup ähli nesillerini: ogul-gyzlaryny, agtyklarydyr mallaryny we Kenganda toplan ähli mal-mülklerini alyp, Müsüre geldi.
[8] Ysraýyllaryň Ýakup we onuň bilen Müsüre gelen nesilleri şulardyr. Ýakubyň nowbahar ogly Ruben.
[9] Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron, Karmy.
[10] Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakin, Sohar hem-de kengan aýalyndan bolan ogly Şawul.
[11] Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat, Merary.
[12] Ýahudanyň ogullary: Er, Onan, Şela, Peres, Zera. Bulardan Er bilen Onan Kenganda ölüpdiler. Peresiň ogullary: Hesron, Hamul.
[13] Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýop, Şimron.
[14] Zebulunyň ogullary: Sarat, Eýlon, Ýahleýel.
[15] Bu ogullary hem-de gyzy Dinany Leýa Ýakuba Padanaramda dogrup beripdi. Ýakubyň ähli ogul-gyzlarynyň jemi otuz üç sanydy.
[16] Gatyň ogullary: Sipýon, Hagy, Şuny, Esbon, Eri, Arody, Areli.
[17] Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi, Beriga hem-de gyzy Sera. Beragyň ogullary: Heber, Malkyýel.
[18] (Bular Zilpanyň ogullarydyr. Laban Zilpany öz gyzy Leýa gyrnak edip beripdi. Ýakubyň Zilpa gyrnagyndan bolan nesliniň sany jemi on altydyr.)
[19] Ýakubyň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin.
[20] Müsürde Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenat Ýusuba Manaşany we Efraýymy dogrup berdi.
[21] Benýaminiň ogullary: Bala, Beker, Aşbel, Gera, Nagaman, Ehi, Roş, Mupym, Hupym we Art.
[22] (Bular Ýakubyň Rahelden bolan neslidir. Olar jemi on dörtdür.)
[23] Danyň ogly: Huşym.
[24] Naftalynyň ogullary: Ýahseýel, Guny, Ýezer, Şillem.
[25] (Bular Bilhanyň ogullarydyr. Laban Bilhany öz gyzy Rahele gyrnak edip beripdi. Bilha Ýakuba jemi ýedi ogul dogrup berdi.)
[26] Gelinlerinden daşary Ýakuba degişli bolan we onuň bilen bile Müsüre gelen nesilleri jemi altmyş alty başdy.
[27] Ýusubyň Müsürde doglan iki ogly bilen birlikde Ýakubyň Müsürdäki tutuş hojalygy ýetmiş adamdan ybaratdy.
[28] Ýakup Goşene barýan ýoly Ýusuba görkezer ýaly, ol Ýahudany öňden Ýusubyň ýanyna iberdi. Ysraýylyň maşgalasy Goşen welaýatyna gelende,
[29] Ýusup arabasyna münüp, kakasy Ysraýyly garşylamak üçin Goşene gitdi; Ýusup kakasyny görüp, ony gujaklap, onuň gujagynda uzak wagtlap aglady.
[30] Ysraýyl Ýusuba: «Didaryňy gördüm, indi ölsem-de armanym ýok. Sen diri ekeniň» diýdi.
[31] Ýusup doganlaryna hem kakasynyň tutuş hojalygyna ýüzlenip, şeýle diýdi: «Men gidip, faraona habar bereýin. Oňa: „Kengandaky doganlarym hem-de kakam tutuş hojalygy bilen meniň ýanyma geldiler.
[32] Olar çopandyrlar, çünki olar maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. Olar özleri bilen ownukly-irili mallaryny we ähli goş-golamlaryny-da getiripdirler“ diýeýin.
[33] Faraon sizi çagyryp, sizden: „Siziň käriňiz näme?“ diýip sorar.
[34] Şonda siz oňa: „Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly ýaşlygymyzdan bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýändiris“ diýip jogap berersiňiz. Şeýle diýseňiz, ol size Goşen welaýatynda mesgen tutmaga rugsat berer, çünki müsürliler çopanlary juda ýigrenýändirler».