[1] Reb edil aýdyşy ýaly, Sara beren wadasyny berjaý etdi.
[2] Sara göwreli bolup, Ybraýymyň garran çagynda oňa bir ogul dogrup berdi.
[3] Ybraýym özüniň Saradan bolan oglunyň adyna Yshak dakdy.
[4] Hudaýyň buýruşy ýaly, Ybraýym Yshagy sekiz günlükkä sünnetledi.
[5] Ogly Yshak doglanda, Ybraýym ýüz ýaşyndady.
[6] Sara: «Hudaý maňa begenç hem gülki getirdi. Oglumyň bolandygyny eşiden her kişi meniň bilen bile gülşer.
[7] Ybraýyma Sara çaga emdirer diýen bolsa, muňa ynanan tapylarmydy?! Emma, ine, ol gojalansoň, men oňa ogul dogrup berdim» diýdi.
[8] Çaga ulaldy, ony süýtden aýyrdylar. Şol gün, ýagny Yshagyň süýtden aýrylan güni Ybraýym uly toý tutdy.
[9] Asly müsürli Hajaryň Ybraýymdan bolan oglunyň öz ogly Yshagyň üstünden gülýänini Sara gördi.
[10] Ol Ybraýyma: «Bu gyrnagy ogly bilen bile çykaryp kow. Gyrnagyň ogly oglum Yshak bilen mirasymyzy paýlaşmaz» diýdi.
[11] Emma ogly baradaky bu mesele Ybraýyma juda agyr degdi.
[12] Hudaý Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen ogluň we gyrnagyň üçin gamlanma. Sara näme et diýse, şony-da et, çünki seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder.
[13] Gyrnagyňdan bolan ogluňdan hem bir millet ýaradaryn, çünki ol-da seniň perzendiňdir».
[14] Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.
[15] Meşikdäki suw tükendi. Hajar oglany bir gyrymsy agajyň aşagynda taşlap gitdi.
[16] «Oglumyň ölenini bir görmäýin» diýip, gidip, oglundan okýetim uzaklykda oturyp, içigip-içigip aglady.
[17] -
[18] Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Hudaýyň perişdesi gökden Hajary çagyryp: «Hajar, näme boldy? Gorkma, Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Bar, oglany ýerinden galdyr-da, elinden tut. Men ondan bir beýik millet ýaradaryn» diýdi.
[19] Hudaý Hajaryň gözüni açdy we ol bir suwly guýyny gördi. Ol baryp, guýudan meşigini doldurdy-da, ondan ogluna içirdi.
[20] Hudaý ol oglan bilen biledi. Ol ulalyp, çölde ýaşap, ökde kemançy bolup ýetişdi.
[21] Oglan Paran çölünde ýaşaýardy. Ejesi ony müsürli bir gyza öýerdi.
[22] Şol döwürde Abymelek patyşa öz harby serkerdesi Pikol bilen bile Ybraýymyň ýanyna baryp, oňa: «Ähli işde Hudaý seniň bilen biledir.
[23] Sen maňa meniň tohum-tijime biwepalyk etmejekdigiňe, meniň saňa wepaly bolşum ýaly, seniň-de maňa we öz gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňa wepaly boljakdygyňa sen Hudaýdan ant iç» diýdi.
[24] Ybraýym: «Ant içýärin» diýdi.
[25] Soňra Abymelegiň gullarynyň özünden suwly guýyny zor bilen alandyklary üçin Ybraýym oňa närazylyk bildirdi.
[26] Abymelek oňa: «Muny men şu wagt eşidýärin. Ony kimiň edendiginden habarym ýok. Sen muny maňa habar bermediň» diýdi.
[27] Ybraýym Abymelege ownukly-irili mal berdi. Olar özara äht baglaşdylar.
[28] Ybraýym ýedi sany guzyny sürüden çykaryp, aýry goýdy.
[29] Patyşa Ybraýymdan: «Näme üçin beýdýärsiň?» diýip sorady.
[30] Ol: «Sen şu ýedi guzyny menden al. Şeýle etmek bilen sen şol guýyny meniň gazdyrandygyma şaýatlyk edersiň» diýdi.
[31] Olar bu guýyny Beýerşeba diýip atlandyrdylar, çünki bu ýerde olar özara ant içişipdiler.
[32] Olar Beýerşebada äht baglaşanlaryndan soň, Abymelek öz harby serkerdesi Pikol bilen ol ýerden öz ýurduna, piliştlileriň topragyna dolandy.
[33] Ybraýym Beýerşebada bir sany ýylgyn ekip, ol ýerde Baky Hudaý Rebbe ybadat etdi.
[34] Ybraýym piliştlileriň ýurdunda uzak wagtlap gelmişek bolup ýaşady.