[1] Hudaý Ýakuba: «Beýtele git-de, şol ýerde mesgen tut. Doganyň Ysawdan gaçyp barýarkaň, özüňe görnen Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasa» diýdi.
[2] Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň.
[3] Geliň, Beýtele gideliň. Ol ýerde hasratly günümde maňa kömek eden we giden ýerimde meniň bilen bolan Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasaýyn» diýdi.
[4] Şondan soň olar öz keseki hudaýlaryny we gulakhalkalaryny Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň aşagynda gizledi.
[5] Soňra olar ýola düşdüler. Ýakubyň ogullaryny hiç kim yzarlamaz ýaly, töwerekdäki galalaryň ählisiniň ilatyny Hudaýyň gorkusy gaplady.
[6] Ýakup öz adamlary bilen Kengandaky Luza, ýagny häzirki Beýtele geldi.
[7] Ýakup ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ol ýeri «Beýteliň Hudaýy» diýip atlandyrdy, sebäbi Ýakup doganyndan gaçyp barýarka, Hudaý Özüni şol ýerde oňa aýan edipdi.
[8] Rebekanyň enekesi Debora aradan çykdy we ol Beýteliň golaýyndaky dub agajynyň düýbünde jaýlandy. Şeýdip, bu agaç Alon-bakut diýlip atlandyryldy.
[9] Ýakup Padanaramdan gaýdyp gelenden soň, Hudaý Özüni Ýakuba ýene-de aýan edip, oňa pata berdi.
[10] Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy.
[11] Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar milletler dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar.
[12] Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi.
[13] Soňra Hudaý Ýakup bilen sözleşen ýerinden ýokary göterilip gitdi.
[14] Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerinde uly daş dikdi we onuň üstüne içgi sadakasyny hem-de zeýtun ýagyny guýdy.
[15] Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerini Beýtel diýip atlandyrdy.
[16] Olar Beýtelden ugradylar. Efrat welaýatyna ýetmäge sanlyja menzil galanda, ýolda Raheliň çagasynyň bolmaly pursady gelip, ony agyr burgy tutup ugrady.
[17] Agyr burgy tutýarka, göbegene oňa: «Gorkma, ine, seniň munyň-da ogul!» diýdi.
[18] Jany çykyp barýan Rahel ogluna Benony diýip at dakdy. Ýöne kakasy onuň adyna Benýamin goýdy.
[19] Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy.
[20] Ýakup Raheliň guburynyň üstünde bir uly daş dikdi. (Şol daş Raheliň guburynyň üstünde şu güne çenli hem dur.)
[21] Ysraýyl ýene ýoluny dowam etdirdi. Ol Eder diňiniň aňyrsynda öz çadyryny dikdi.
[22] -
[23] Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;
[24] onuň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin;
[25] onuň Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan, Naftaly;
[26] onuň Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gat we Aşer. Bu Ýakubyň Padanaramda doglan ogullarydy.
[27] Ýakup Ybraýym bilen Yshagyň gelmişek bolup ýaşan ýeri bolan Mamrä, ýagny Kirýatarba (Hebrona) kakasy Yshagyň ýanyna geldi.
[28] Yshak ýüz segsen ýyl ömür sürdi.
[29] Ol garrap dünýäden ötüp, ata-babalaryna gowuşdy. Ogullary Ysaw bilen Ýakup ony jaýlady.