[1] Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesih iň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:
[2] Ybraýymdan Yshak, Yshakdan Ýakup, Ýakupdan Ýahuda we onuň doganlary dünýä indi.
[3] Ýahudadan Peres bilen Zerah doguldy, olaryň ejesi Tamardy. Peresden Hesron, Hesrondan Ram doguldy.
[4] Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon doguldy.
[5] Salmondan Bowaz dünýä indi, onuň ejesi Rahapdy. Bowazdan Obet dünýä indi, onuň ejesi Rutdy. Obet Ýyşaýyň kakasydy.
[6] Ýyşaýdan Dawut patyşa doguldy. Dawutdan Süleýman dünýä indi, onuň ejesi Uryýanyň dul aýaly Batşebady.
[7] Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa,
[8] Asadan Ýehoşapat, Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Uzyýa doguldy.
[9] Uzyýadan Ýotam, Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa,
[10] Hizkiýadan Manaşa, Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy.
[11] Ýoşyýa Babyl sürgüniniň öňüsyrasynda doglan Ýekonýanyň we onuň doganlarynyň atasydy.
[12] Ýekonýa Babyl sürgüninden soňra doglan Şeýaltyýeliň atasydy. Şeýaltyýelden Zerubabyl,
[13] Zerubabyldan Abyhut, Abyhutdan Eliýakym, Eliýakymdan Azor,
[14] Azordan Sadok, Sadokdan Akym, Akymdan Elihut,
[15] Elihutdan Elgazar, Elgazardan Mattan, Mattandan Ýakup doguldy.
[16] Ýakup Merýemiň adamsy Ýusubyň atasydy, Merýemden bolsa Mesih diýip atlandyrylan Isa doguldy.
[17] Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesih e çenli hem on dört arkadyr.
[18] Isa Mesih iň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi.
[19] Onuň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şoňa görä ol Merýemiň ile masgara bolmagyny islemän, ony ýaşyryn aýryp goýbermegi ýüregine düwdi.
[20] Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.
[21] Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.
[22] -
[23] Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar.
[24] Ýusup ukudan oýanansoň, Rebbiň perişdesiniň buýrugyny ýerine ýetirip, Merýeme öýlendi.
[25] Emma Merýem ogluny dogurýança, Ýusup oňa ýanaşmady. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy.