Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:28

[1] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.

[2] Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.

[3] Erbetleri basgylarsyňyz, çünki Meniň bellän günüm olar siziň aýaklaryňyzyň astynda kül bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

[4] Gulum Musanyň kanunyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň.

[5] Ine, Men-Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden öň, Özüm size Ylýas pygamberi ibererin.

[6] Ol ata-eneleriň ýüregini çagalaryna, çagalaryň ýüregini ata-enelerine tarap öwrer. Şonda Men gelip, ýurdy näletläp ýok etmerin».

Malaky — Chapters