[1] Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara arwah-jynlary kowmaga, her hili kesellere we dertlere şypa bermäge ygtyýar berdi.
[2] Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.
[5] Isa bu Onkilere şeýle buýruk berip, olary halkyň arasyna ýollady: «Keseki milletleriň arasyna gitmäň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň.
[6] Muňa derek azaşan goýunlara meňzeýän ysraýyl halkynyň arasyna baryň.
[7] Baran ýeriňizde Gögüň Şalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň.
[8] Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.
[9] Guşagyňyzda altyn, kümüş, mis, hiç bir pul bolmasyn.
[10] Ýol üçin ýanyňyza torba-da, artykmaç eşik-de, çaryk-da, hasa-da almaň, çünki işçi öz nesibesine mynasypdyr.
[11] Haýsy şähere ýa-da oba barsaňyz, ol ýerde özüňize mynasyp adamy gözläp tapyp, gaýdýançaňyz şol ýerde boluň.
[12] Öýe gireniňizde, öýdäkilere sag-salamatlyk diläp, salam beriň.
[13] Öýdäkiler muňa mynasyp bolsalar, dilän salamatlygyňyz olaryň üstüne iner, emma mynasyp bolmasalar, bu özüňize öwrülip geler.
[14] Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa-da şäherden çykyp barýarkaňyz, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň.
[15] Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.
[16] Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.
[17] Adamlardan ägä boluň! Olar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarynda gamçylap ýenjerler.
[18] Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna elterler, siz bolsa olaryň we keseki milletleriň öňünde şaýatlyk edersiňiz.
[19] Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, siz näme ýa-da nädip aýtjakdygyňyzy gaýgy etmäň. Size näme aýtmalydygyňyz şol wagtyň özünde berler.
[20] Şonda siziň özüňiz däl-de, siz arkaly Ataňyzyň Ruhy geplär.
[21] Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler.
[22] Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.
[23] Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.
[24] Şägirt öz halypasyndan, gul öz hojaýynyndan üstün däldir.
[25] Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!
[26] Şonuň üçin hiç kimden gorkmaň. Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur.
[27] Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza pyşyrdanymy üçekden yglan ediň.
[28] Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.
[29] Iki serçe bir teňňä satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir.
[30] Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr.
[31] Şunlukda, gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz.
[32] Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin.
[33] Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ret ederin.
[34] Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim.
[35] Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim.
[36] Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar.
[37] Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.
[38] Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir.
[39] Janyny aýan ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar.
[40] Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ibereni kabul eder.
[41] Kim birini pygamberdigi üçin kabul etse, pygamberiň sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyň sylagyny alar.
[42] Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».