[1] Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip:
[2] «Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler.
[3] Hirod patyşa muny eşidende, onuň özi-de, tutuş Iýerusalim halky-da galagopluga düşdi.
[4] Ol ähli ýolbaşçy ruhanylary, Töwrat mugallymlaryny ýygnap, olardan Mesih iň nirede dogulmalydygy hakynda sorady.
[5] Olar şeýle jogap berdiler: «Ol Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherinde dogulmaly, sebäbi pygamber şeýle ýazypdyr:
[6] „Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham! Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen. Çünki senden bir Hökümdar çykar, halkym Ysraýylyň çopany bolar“».
[7] Onsoň Hirod müneçjimleri gizlin çagyryp, olardan ýyldyzyň haçan görnendigi barada jikme-jik sorady.
[8] Hirod: «Baryň, çaga baradaky habaryň anygyna ýetiň. Ony tapan badyňyza, maňa habar beriň. Menem baryp, Oňa sežde etjek» diýip, olary Beýtullahama iberdi.
[9] Olar patyşany diňläp, ýola düşdüler. Ine, olaryň gören dogluş ýyldyzy ýene peýda boldy we öňlerine düşüp, çaganyň doglan ýeriniň üstüne gelip durdy.
[10] Ýyldyzy görenlerinde, olaryň şatlyklarynyň çägi bolmady.
[11] Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.
[12] Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.
[13] Müneçjimler gidenden soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur! Çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç. Özüm habar berýänçäm, şol ýerde gal, sebäbi Hirod çagany öldürmek üçin Onuň gözlegine çykmakçy bolýar» diýdi.
[14] Şeýlelikde, Ýusup turdy-da, çaga bilen Onuň ejesini alyp, şol gije Müsüre tarap ýola düşdi.
[15] Ol tä Hirod ölýänçä, şol ýerde galdy. Şunlukda, Rebbiň: «Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip, pygamber arkaly aýdan sözi berjaý boldy.
[16] Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.
[17] Şeýdip, Ýermeýa pygamberiň şu aýdanlary berjaý boldy:
[18] «Ramadan bir ses eşidildi, agy we ajy perýat sesleri, Rahel çagalary üçin aglaýar, teselli berilmegini islemeýär, çünki olar indi ýok».
[19] Hirod ölenden soň, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip:
[20] «Tur, çaga bilen Onuň ejesini al-da, Ysraýyla dolan, sebäbi çaganyň janynyň kastyna çykanlar öldi» diýdi.
[21] Onsoň Ýusup çaga bilen ejesini alyp, Ysraýyla gaýtdy.
[22] Ýöne Arhelanyň öz atasy Hirodyň ýerine Ýahudyýanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy. Düýşüň üsti bilen duýduryş berlensoň, ol Jelile welaýatyna tarap ýola düşdi.
[23] Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.