Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:47

[1] Isa on iki şägirdine öwüt-nesihat berip gutarandan soň, ol ýerden çykyp, golaýdaky şäherlerde öwretmäge we wagyz etmäge gitdi.

[2] Ýahýa hem tussaglykdaka, Mesih iň eden işleri barada eşidip, Onuň ýanyna şägirtlerini iberdi:

[3] «Şol gelmeli Mesih Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip soratdy.

[4] Isa olara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň.

[5] Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.

[6] Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr» diýip jogap berdi.

[7] Ýahýanyň şägirtleri giden wagty, Isa mähellä Ýahýa barada gürrüň bermäge başlady: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Şemala yranýan ýylgynymy?

[8] Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Emma nepis eşikler geýnenler patyşalaryň köşklerindedir.

[9] Onda näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr.

[10] „Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin“ diýip ýazylan sözler hem hut şoňa degişlidir.

[11] Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda çümdüriji Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Gögüň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir.

[12] Çümdüriji Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Şalygyna rehimsiz hüjüm edilýär we wagşy adamlar ony ele salýarlar.

[13] Ýahýa çenli ähli pygamberler we Töwrady bu hakda pygamberlik etdi.

[14] Eger Ýahýany kabul etmek isleýän bolsaňyz, gelmegine garaşylýan Ylýas oldur.

[15] Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!

[16] -

[17] Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar bazarlarda oturyp, başgalara: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy aýtdyk, aglamadyňyz“ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler.

[18] Ýahýa geldi, ol iýenogam, içenogam. Olar bolsa oňa „jynly“ diýýärler.

[19] Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar».

[20] Isa käbir şäherlerde köp gudratlar görkezse-de, olaryň halky günälerine toba etmändiler. Şonuň üçin Isa olary ýazgarmaga başlady:

[21] «Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.

[22] Emma Men size diýýärin: kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar!

[23] Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň, sebäbi sende görkezilen gudratlar Sodomda görkezilen bolsady, onda ol şu güne çenli saklanyp galardy.

[24] Emma Men saňa şuny diýýärin: kyýamat güni seniň ýagdaýyň Sodomyň ýagdaýyndan has beter bolar».

[25] Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!

[26] Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.

[27] Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.

[28] Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.

[29] Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.

[30] Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir».

Mattanyň hoş habary — Chapters