Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:08

[1] Isa olara ýene-de tymsallar arkaly gürrüň berdi:

[2] «Gögüň Şalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa meňzeýändir.

[3] Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, emma çagyrylanlar gelmek islemeýärler.

[4] Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men toý saçagyny taýýarlap goýdum. Öküzlerim, semiz mallarym soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler“ diýýär.

[5] Emma olar üns hem bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna gidýär, ýene biri öz söwdasynyň ugrunda gezýär.

[6] Başgalary bolsa onuň hyzmatkärlerini tutup azar berýärler, olary öldürýärler.

[7] Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.

[8] Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „Toý saçagy taýýar, emma çagyrylanlar muňa mynasyp däl eken.

[9] Köçelere çykyň-da, kimi tapsaňyz, toýa çagyryň“ diýýär.

[10] Hyzmatkärler ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmanlardan dolýar.

[11] Patyşa myhmanlary görmäge girende, onuň toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär.

[12] Oňa: „Eý, dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nädip girip bildiň?“ diýip soraýar. Şonda ol adamyň dili tutulýar.

[13] Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „El-aýagyny daňyň-da, ony daşary, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar“ diýýär.

[14] Çünki çagyrylanlar köp, emma saýlananlar azdyr».

[15] Soňra fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat etdiler.

[16] Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.

[17] Hany, bize aýt, Seniň pikiriňçe, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa dogry däl?» diýip soradylar.

[18] Isa olaryň niýetleriniň ýamandygyny bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý, ikiýüzlüler?

[19] Maňa salgyt puluny görkeziň» diýdi. Olar Isa bir kümüş teňňe getirdiler.

[20] Isa olara: «Şu şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýip sorady.

[21] Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.

[22] Olar muny eşidenlerinde, haýran galdylar. Şeýdip, olar Isany taşlap, ol ýerden gitdiler.

[23] Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:

[24] «Mugallym! Musa bize bir adam perzentsiz ölüp gitse, dogany onuň dul aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip aýdypdyr.

[25] Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Birinjisi öýlendi-de öldi. Zürýady bolmansoň, aýalyny doganyna galdyrdy.

[26] Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli hemmesinde şol bir ýagdaý gaýtalandy.

[27] Olaryň hemmesinden soň ol aýal hem öldi.

[28] Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn».

[29] Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz.

[30] Ynsanlar ölümden direlende, ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar.

[31] Ölüleriň direlişi babatda bolsa, siz Hudaýyň özüňize:

[32] „Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr».

[33] Mähelle muny eşidip, Onuň taglymatyna haýran galdy.

[34] Fariseýler Isanyň saddukeýleriň agzyny ýumdurandygyny eşidenlerinde, bir ýere ýygnanyşdylar.

[35] Olardan bir Töwrat mugallymy Isany synamak üçin:

[36] «Mugallym, Töwratda iň uly tabşyryk näme?» diýip sorady.

[37] Isa oňa şeýle jogap berdi: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň.

[38] Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr.

[39] Ikinjisi bolsa şunuň ýalydyr: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“.

[40] Tutuş Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr».

[41] Fariseýler üýşüp durkalar, Isa olardan:

[42] « Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň ogly» diýip jogap berdiler.

[43] Isa olara şeýle diýdi: «Onda näme üçin Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, Mesih e Reb diýýär? Ol şeýle diýipdir:

[44] „Hudaý Rebbime şeýle sözledi: Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur“.

[45] Eger Dawut Mesih e Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?»

[46] Isanyň soragyna hiç kim jogap berip bilmedi. Şol günden başlap, Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.

Mattanyň hoş habary — Chapters