Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:08

[1] Isa bu sözleri tamamlandan soň, Jelileden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi.

[2] Uly mähelle Onuň yzyna düşdi, Isa hem şol ýerde olaryň hassalaryny sagaltdy.

[3] Isanyň ýanyna gelen käbir fariseýler Ony synap görmek üçin: «Bir adamyň her hili bahana arap, öz aýalyndan aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip soradylar.

[4] Isa hem: «Siz näme „Ýaradanyň Özi owal-başda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?

[5] „Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar“.

[6] Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi.

[7] Fariseýler Isadan: «Onda näme üçin Musa talak hatyny ýazyp, aýrylyşmaga ygtyýar beripdir?» diýip soradylar.

[8] Isa olara: «Musa siziň doňýürekdigiňiz üçin aýalyňyzy aýyrmaga ygtyýar berdi, emma owal-başda beýle däldi.

[9] Men size şuny diýýärin: kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir» diýip jogap berdi.

[10] Şägirtler Oňa: «Eger är-aýalyň arasyndaky ýagdaý şeýle bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýişdiler.

[11] Emma Isa olara: «Hemme adamlar bu sözi kabul edip bilmezler, diňe özlerine berlenler kabul edip bilerler.

[12] Käbir adamlar dogabitdi agtadyrlar, käbirleri bolsa adamlar tarapyndan agta edilendir. Başga birleri bolsa Gögüň Şalygynyň hatyrasyna hiç kim bilen birleşmeýär. Muny kabul edip bilen kabul etsin» diýdi.

[13] Soňra başlaryna elini goýup, doga-dileg etsin diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler, emma şägirtler çagalary getirenlere käýediler.

[14] Isa bolsa: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Gögüň Şalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi.

[15] Isa olaryň başyna elini goýup, pata berenden soň, ol ýerden gitdi.

[16] Şol mahal bir adam Isanyň ýanyna gelip: «Eý, Mugallym, baky ýaşaýşa eýe bolar ýaly, men näme ýagşy iş etmeli?» diýip sorady.

[17] Isa: «Näme üçin Menden ýagşylyk hakynda soraýarsyň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Baky ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et» diýdi.

[18] -

[19] Ol Isadan: «Haýsy tabşyryklaryny?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýip jogap berdi.

[20] Ýaş ýigit Isadan: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin-ä, men ýene näme etmeli?» diýip sorady.

[21] Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.

[22] Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.

[23] Isa şägirtlerine: «Size dogrusyny aýdýaryn, baý adamyň Gögüň Şalygyna girmegi kyndyr.

[24] Men size ýene-de şuny aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi.

[25] Muny eşidenlerinde, şägirtleri çakdanaşa haýran galyp: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar.

[26] Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.

[27] Onsoň Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük! Munuň üçin biz näme alarys?» diýdi.

[28] Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.

[29] Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar.

[30] Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.

Mattanyň hoş habary — Chapters