Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:59

[1] Sabat güni geçenden soň, hepdäniň birinji güni ir säher bilen magdalaly Merýem we beýleki Merýem mazary görmäge gitdiler.

[2] Birdenkä güýçli ýer titredi. Rebbiň bir perişdesi gökden inip, daşy bir çete togalady-da, onuň üstünde oturdy.

[3] Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy.

[4] Sakçylar gorkularyndan ýaňa sandyraşyp, öli kimin ýere ýazyldylar.

[5] Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.

[6] Ol bu ýerde ýok. Ol Öz aýdyşy ýaly direldi. Bäri geliň-de, Onuň ýatan ýerini görüň.

[7] Indi çalt gidip, Onuň şägirtlerine: „Isa direlipdir, Ol sizden öň Jelilä barýar. Siz Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň. Gulak asyň, men size muny aýdandyryn» diýdi.

[8] Aýallar gorky hem şatlyk bilen howlugyşyp, mazardan uzaklaşdylar. Olar ylgaşyp, Isanyň şägirtlerine habar bermäge gitdiler.

[9] Birdenkä olara Isa duşup: «Salam!» diýdi. Olar hem Onuň ýanyna gelip, aýagyna ýykylyp, Oňa sežde etdiler.

[10] Onsoň Isa olara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi.

[11] Aýallar heniz ýoldakalar, sakçylaryň birnäçesi şähere baryp, bolan ähli zatlary ýolbaşçy ruhanylara habar berdiler.

[12] Olar ýaşulular bilen ýygnanyşyp, maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip:

[13] «Siz halka: „Biz gije ýatyrkak, şägirtleri gelip, Onuň jesedini ogurlap gidipdirler“ diýiň.

[14] Bu habar häkimiň gulagyna baryp ýetse, ony ynandyryp, biz sizi aladadan dyndararys» diýdiler.

[15] Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýahudylaryň arasynda şu güne çenli hem dowam edip gelýär.

[16] Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä, Isanyň aýdan dagyna gitdi.

[17] Isany görüp, Oňa sežde etdiler, emma olaryň käbiri şübhelendi.

[18] Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.

[19] Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň.

[20] Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.

Mattanyň hoş habary — Chapters