Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:10

[1] Şol wagt Isanyň at-owazasy Hirod hanyň gulagyna baryp ýetdi.

[2] Ol öz emeldarlaryna: «Bu Ýahýa çümdürijidir. Ol ölümden direlipdir, şol sebäpli ol bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýdi.

[3] Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa üçin Ýahýany tutduryp, el-aýagyny gandallap, zyndana taşladypdy.

[4] Ol muny Ýahýaňyň özüne: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýeni üçin etdi.

[5] Hirod Ýahýany öldürmek isleýärdi, emma halkyň Ýahýany pygamber saýýandygy üçin beýle etmekden gorkýardy.

[6] Hirodyň doglan güni Hirodiýanyň gyzy ortada tans edip, Hirodyň göwnüni çaglady.

[7] Şonda Hirod gyza ant içip, dilän zadyny berjekdigine söz berdi.

[8] Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Maňa bir tabagyň içinde Ýahýa çümdürijiniň başyny ber» diýdi.

[9] Han gamgyn boldy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa getirilip berilmegini buýurdy.

[10] Jellat iberip, zyndanda Ýahýanyň başyny çapdyrdy.

[11] Çapylan başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine eltip berdi.

[12] Ýahýanyň şägirtleri gelip, onuň jesedini äkidip jaýladylar. Soňra gidip, muny Isa habar berdiler.

[13] Isa muny eşidip, ýeke Özi gaýyga mündi-de, ol ýerden bir çola ýere çekildi. Halk muny bilende, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdi.

[14] Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy.

[15] Şägirtleri agşam Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, halky goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler.

[16] Isa olara: «Gitmegiň geregi ýok, olara iýmäge zady siz beriň» diýdi.

[17] Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyryn» diýdiler.

[18] Isa: «Olary şu ýere – Meniň ýanyma getiriň» diýdi.

[19] Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.

[20] Hemmeler iýip doýdular. Şägirtler artan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.

[21] Mundan iýenleriň sany aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy.

[22] Isa halky öýlerine ugradyp durka, şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenara geçmeklerini buýurdy.

[23] Halky ugradanyndan soň, Hudaýa doga etmek üçin bir Özi daga çykdy. Agşam hem Ol şol ýerde ýekedi.

[24] Gaýyk bolsa şol wagt eýýäm kölüň ortasyndady, tolkunlar gelip, oňa urulýardy, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi.

[25] Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi.

[26] Emma şägirtler Onuň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, tanaman: «Bu bir gözümize görünýän arwahdyr!» diýşip, dowla düşdüler, olar gorkudan ýaňa gygyryşdylar.

[27] Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Dogumly boluň! Bu – Men, gorkmaň!» diýdi.

[28] Petrus Oňa jogap berip: «Agam, bu Sen bolsaň, maňa buýruk ber, suwuň ýüzünden ýöräp, ýanyňa baraýyn» diýdi.

[29] Isa: «Gel!» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzünden Isa tarap ýöremäge başlady.

[30] Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, gark bolup ugranda: «Agam, meni halas et» diýip gygyrdy.

[31] Isa şobada elini uzadyp, ony tutdy-da: «Eý, az imanly, näme üçin şübhelendiň?» diýdi.

[32] Olaryň ikisi gaýyga münen badyna ýel ýatdy.

[33] Gaýykdakylar: «Sen, hakykatdan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.

[34] Olar kölüň beýleki tarapyna geçip, Ginnesarete gelip ýetdiler.

[35] Ol ýeriň adamlary Isany tanap, çar tarapa adam iberip, hassalaryň baryny Onuň ýanyna getirdiler.

[36] Olar diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etmegini sorap, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de sagaldy.

Mattanyň hoş habary — Chapters