[1] Isa ähli sözüni tamamlap, şägirtlerine:
[2] «Bilşiňiz ýaly, ýene iki günden Pesah baýramydyr. Onsoň Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar» diýdi.
[3] Şol wagt ýolbaşçy ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp,
[4] Isany hile bilen tutup öldürmek barada maslahat geçirdiler.
[5] Olar: «Baýram günlerinde tutmalyň, halk galmagal turzaýmasyn» diýişdiler.
[6] Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka,
[7] bir aýal çüýşede gymmatbaha atyr ýagyny alyp, Onuň ýanyna geldi we ony Isanyň başyna guýdy.
[8] Şägirtler muny görenlerinde, gaharlanyp: «Näme üçin bu ýag beýle isrip edildi?
[9] Bu ýagy köp pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyryn» diýişdiler.
[10] Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin aýaly ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi.
[11] Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.
[12] Ol bu ýagy Meniň bedenimi jaýlamaga taýýar etmek üçin guýdy.
[13] Size dogrusyny aýdýaryn, bu Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar».
[14] Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi.
[15] Ýudas olardan: «Eger men Isany siziň eliňize tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem Ýudas otuz teňňe kümüş çekip berdiler.
[16] Ýudas şondan soň Isany olara tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi.
[17] Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.
[18] Isa olara: «Şähere gidiň-de, şu aýdan kişimiň öýüne baryň. Oňa: „Mugallymymyz saňa: ‘Wagtym golaýlady, Pesah baýramyny şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde bellejek diýýär’“ diýiň» diýdi.
[19] Şägirtler hem Isanyň özlerine buýruşy ýaly edip, Pesah naharyny taýýarladylar.
[20] Agşam Isa on iki şägirdi bilen bilelikde saçak başyna geçdi.
[21] Olar naharlanyp otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn: siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýdi.
[22] Olar gaty tukatlanyp, yzly-yzyna Ondan: «Agam, men bir dälmi?» diýip soramaga başladylar.
[23] Isa hem olara: «Elini Meniň bilen bir okara batyran Maňa haýynlyk eder.
[24] Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi.
[25] Oňa haýynlyk eden Ýudas: «Mugallym, men bir dälmikäm?» diýip sorady. Isa hem oňa: «Özüň aýtdyň» diýdi.
[26] Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.
[27] Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň şägirtlerine berip: «Şundan hemmäňiz içiň.
[28] Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.
[29] Size şuny aýdaýyn: Atamyň Şalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.
[30] Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
[31] Soňra Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz şu gijäniň özünde Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr.
[32] Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi.
[33] Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz öwürse-de, men asla ýüz öwürmerin» diýdi.
[34] Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.
[35] Emma Petrus Oňa: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin!» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
[36] Soňra Isa şägirtleri bilen Getsemani diýen ýere gitdi. Isa olara: «Siz bu ýerde garaşyň, Men hol ýere gidip, Hudaýa doga etjek» diýdi.
[37] Isa Petrusy, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany ýanyna aldy. Ol tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady.
[38] Isa olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi.
[39] Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.
[40] Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Meniň bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmediňizmi?
[41] Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.
[42] Isa ikinji gezek gidip, dileg etdi: «Eý, Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda Seniň islegiň bolsun!»
[43] Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy.
[44] Isa olary goýup, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek dileg etdi.
[45] Onsoň şägirtleriň ýanyna gaýdyp gelip: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Ine, pursat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.
[46] Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.
[47] Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.
[48] Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur» diýip gepleşipdi.
[49] Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi.
[50] Isa hem oňa: «Dostum, hany, näme etjek bolsaň et» diýdi. Edil şol wagt adamlar Isany tutup, ele saldylar.
[51] Isanyň ýanyndakylaryň biri gylyjyny syryp, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi.
[52] Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, gylyç çekenleriň hemmesi gylyçdan öler.
[53] Näme Men Atamdan kömek sorap, ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi? Islesem, Ol şu pursadyň özünde Maňa on iki goşun perişdeden-de köp perişdeleri iberer.
[54] Emma beýtsem, Mukaddes Ýazgylar nähili berjaý bolar? Bularyň ählisiniň amala aşmagy gerek ahyry!»
[55] Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz.
[56] Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.
[57] Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, Töwrat mugallymlary bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar.
[58] Petrus bolsa baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ol içeri girdi-de, işiň soňuny görjek bolup, sakçylar bilen bile oturdy.
[59] Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar.
[60] Köp ýalançy şaýatlar geldi, emma Oňa garşy hiç zat tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki sany ýalançy şaýat gelip:
[61] «Bu adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günde täzeden salyp bilerin“ diýdi» diýip habar berdi.
[62] Baş ruhany ornundan turup: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän şaýatlygy näme?» diýdi.
[63] Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi.
[64] Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi.
[65] Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýatlyk nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn.
[66] Näme karara gelýärsiňiz?» diýdi. Olar: «Ol ölüme mynasyp!» diýip jogap berdiler.
[67] Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa:
[68] «Eý, Mesih, bize welilik et, Seni uran kim?» diýip, Ony şapbatladylar.
[69] Petrus bolsa daşarda, howluda otyrdy. Bir keniz onuň ýanyna gelip: «Sen hem jelileli Isa bilen bilediň» diýdi.
[70] Emma Petrus muny hemmeleriň öňünde inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi bilmeýärin» diýdi.
[71] Soňra ol howlynyň öň tarapyna çykdy. Ony başga bir keniz görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam nasyraly Isa bilen biledi» diýdi.
[72] Petrus ýene-de inkär edip: «Men ol adamy tanamok» diýip ant içdi.
[73] Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi seniň gepleýşiň muny bildirip dur» diýdiler.
[74] Şonda Petrus ant içip: «Hudaý ursun! Men ol adamy tanamok» diýdi. Edil şol wagt horaz gygyrdy.
[75] Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady we daşary çykyp, möňňürip aglady.