[1] Ysraýyllaryň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alnyp, olar Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna ýazyldy. Ýahudalar Rebbe biwepalyk edendikleri üçin Babyla sürgün edildi.
[2] Käbir ysraýyllar ilkinji bolup, galalardaky öz mülklerine ruhanylar, lewiler hem-de ybadathana hyzmatkärleri bilen dolanyp geldiler.
[3] Ýahuda, benýamin, efraýym hem-de manaşa tirelerinden Iýerusalimde täzeden ornaşanlary şulardyr:
[4] Ýahudanyň ogly Peresiň neslinden: Banynyň ýuwlugy, Imriniň çowlugy, Omrynyň agtygy, Emihudyň ogly Utaý.
[5] Şilon urugyndan: nowbahar ogly Asaýa hem-de onuň ogullary.
[6] Zeranyň neslinden: Ýeguwel hem-de onuň garyndaşlary – jemi ýahuda tiresinden alty ýüz togsan adam.
[7] Benýaminiň neslinden: Hasenuwanyň çowlugy, Hodawýanyň agtygy, Meşullamyň ogly Sallu;
[8] Ýerohamyň ogly Ýibneýa; Mikriniň agtygy, Uzynyň ogly Ela; Ýibniýanyň çowlugy, Reguwalyň agtygy, Şepatýanyň ogly Meşullam.
[9] Benýaminler nesil daragtyna görä dokuz ýüz elli alty adamdy. Ýokarda ady agzalanlaryň hemmesi kowumbaşylardy.
[10] Dolanyp gelen ruhanylardan: Ýedaýa, Ýehoýaryp, Ýakin,
[11] Ahytubyň gowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, Sadogyň çowlugy, Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly, Hudaýyň öýüniň ýolbaşçysy Azarýa;
[12] Malkyýanyň çowlugy, Paşhuryň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa; Immeriň gowlugy, Meşillemitiň ýuwlugy, Meşullamyň çowlugy, Ýahzeranyň agtygy, Adyýeliň ogly Magsaý.
[13] Ruhanylaryň sany bir müň ýedi ýüz altmyşdy. Olar kowumbaşylardy we ukyply adamlardy. Olar Hudaýyň öýünde hyzmat etmäge jogapkärdi.
[14] Lewilerden: Merary urugyndan Haşabýanyň çowlugy, Azrykamyň agtygy, Haşubyň ogly Şemagýa;
[15] Bakbakar, Hereş, Galal; Asafyň çowlugy, Zikriniň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa;
[16] Elkananyň geňligi, Asanyň gowlugy, Berekýanyň ýuwlugy, Ýedutunyň çowlugy, Galalyň agtygy, Şemagýanyň ogly Abadýa. Ol netopalylaryň obalarynda ýaşady.
[17] Derwezebanlar şulardyr: Şallum, Akup, Talmon, Ahyman we olaryň garyndaşlary. Şallum olaryň baştutanydy.
[18] Bular öň şa derwezesiniň gündogar tarapynda goýlupdylar. Olar lewileriň düşelge derwezebanlarydylar.
[19] Kora urugyndan bolan Ebiýasabyň agtygy, Koreniň ogly Şallum we onuň kowumdaşy koralar hem ata-babalarynyň Rebbiň mesgenine derwezebançylyk edişleri ýaly, Rebbiň mukaddes çadyryna derwezebançylyk etdiler.
[20] Öň Elgazaryň ogly Pinehas olaryň ýolbaşçysy bolupdy. Reb onuň bilen boldy.
[21] Meşelemýanyň ogly Zakarýa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda derwezebandy.
[22] Derwezebanlyga bellenenleriň hemmesi iki ýüz on iki adamdyr. Olar öz obalarynda nesil daragtyna görä hasaba alyndylar. Olary Dawut bilen görgür Şamuwel jogapkärli wezipä belledi.
[23] Şular we olaryň nesilleri Rebbiň öýüniň, ýagny çadyryň derwezebanlarydylar.
[24] Derwezebanlar dört tarapdaky: gündogardaky, günbatardaky, demirgazykdaky hem-de günortadaky derwezeleri saklaýardylar.
[25] Olaryň obalarynda ýaşaýan doganlary nobatma-nobat her ýedi günden olary görmäge gelmelidiler.
[26] Çünki lewilerden bolan dört ýolbaşçy derwezeban Hudaýyň öýüniň otaglarynyň hem-de hazynalarynyň hem ýolbaşçysydylar.
[27] Olar gijesine-de Hudaýyň öýüniň golaýynda bolardylar. Çünki ybadathana gözegçilik etmek hem-de her gün irden ony açmak olaryň borjudy.
[28] Lewileriň käbirleri hyzmat üçin goýlan enjamlara serederdiler, sebäbi olary sanap äkidip, sanabam getirmelidiler.
[29] Olaryň käbirleri beýleki esbaplara, mukaddes enjamlara, saýlama una, şeraba, ýaga, ýakymly ysly tütetgä hem-de hoşboý ysly zatlara gözegçilik edýärdiler.
[30] Ruhany ogullarynyň käbirleri hoşboý ysly zatlary taýýarlaýardylar.
[31] Süýjüli kökeleri bişirmeklik Kora neslinden bolan Şallumyň nowbahar ogly lewi Matytýa tabşyryldy.
[32] Kohat neslinden bolan garyndaşlarynyň käbirine Sabat güni üçin hödür çöregi taýýarlamagy tabşyryldy.
[33] Lewileriň urugbaşylary bolan aýdymçylar ybadathananyň otaglarynda ýaşaýardylar. Olar başga hyzmatlardan azatdylar, sebäbi olar gije-gündiz hyzmatdadylar.
[34] Nesil daragtyna görä lewileriň urugbaşylary şulardylar. Olar Iýerusalimde ýaşadylar.
[35] Gibgonyň kakasy Ýegiýel Gibgon galasynda ýaşaýardy; onuň aýalynyň ady Magakady.
[36] Onuň nowbahar ogly Abdon, soňkulary: Sur, Kiş, Bagal, Ner, Nadap,
[37] Gedor, Ahýo, Zakarýa we Miklot.
[38] Miklotdan Şimeýam doguldy. Olar hem garyndaşlarynyň ýanynda Iýerusalimde ýaşadylar.
[39] Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal doguldy.
[40] Ýonatandan Meribagal, Meribagaldan Mika doguldy.
[41] Mikanyň ogullary: Piton, Melek, Tahreýa we Ahaz.
[42] Ahazdan Ýagra, Ýagradan Alemet, Azmawet we Zimri. Zimriden Mosa doguldy.
[43] Mosadan Binega, Binegadan Repaýa, Repaýadan Elgasa, Elgasadan Asel doguldy.
[44] Aseliň alty ogly bolup, olaryň atlary: Azrykam, Bokeru, Ysmaýyl, Şegarýa, Abadýa we Hanandy. Şular Aseliň ogullarydy.