[1] Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýaşup we Şimron – jemi dört.
[2] Tolanyň ogullary: Uzy, Repaýa, Ýeriýel, Ýahmaý, Ýybsam we Şamuwel. Olar tola urugynyň kowumbaşylarydyr. Dawudyň döwründe olaryň ýigrimi iki müň alty ýüz sany batyr ýigitleri bardy.
[3] Uzydan Ýyzrahýa doguldy. Ýyzrahýanyň ogullary: Mikaýyl, Abadýa, Ýowel we Ýişiýa. Uzynyň ogly we agtyklary – jemi bäş; olaryň ählisi-de kowumbaşylardy.
[4] Nesil daragtyna görä nesilleriniň otuz alty müň adamly harby güýçleri bardy, çünki olar köp aýally hem-de köp ogullydylar.
[5] Ysakaryň ähli nesilleriniň arasynda batyr ýigitler bolan garyndaşlary nesil daragtlaryna görä jemi segsen ýedi müňdi.
[6] Benýaminiň ogullary: Bala, Beker we Ýedigaýel – jemi üç.
[7] Balanyň ogullary: Esbon, Uzy, Uzyýel, Ýerimot we Iri – jemi bäş. Bular kowumbaşylar, batyr ýigitlerdir. Olaryň nesil daragtyna görä sany ýigrimi iki müň otuz dörtdi.
[8] Bekeriň ogullary: Zemira, Ýogaş, Eligezer, Elýogeýnaý, Omry, Ýeremot, Abyýa, Anatot, Alemet. Şularyň hemmesi Bekeriň ogullarydyr.
[9] Nesil daragtyna görä batyr ýigitler bolan kowumbaşylaryň sany ýigrimi müň iki ýüz adamdy.
[10] Ýedigaýeliň ogullary: Bilhan. Bilhanyň ogullary: Ýeguş, Benýamin, Ehut, Kenagana, Zetan, Tarşyş we Ahyşahar.
[11] Ýedigaýeliň şu ogullarynyň hemmesi kowumbaşylardyr we batyr ýigitlerdir. Olaryň urşa ukyplysy on ýedi müň iki ýüzdi.
[12] Iriň ogullary: Şupym, Hupym; Huşym bolsa Aheriň ogludyr.
[13] Naftalynyň ogullary: Ýahsyýel, Guny, Ýezer we Şallum. Şular Bilhanyň nesilleridir.
[14] Manaşanyň ogullary: siriýaly gyrnak aýalyndan doglan Asryýel; Gilgadyň kakasy Makyr hem şondan doguldy.
[15] Makyr Hupym bilen Şupymy öýlendirdi. Aýal doganynyň ady Magakady. Ikinjisiniň ady Selophaddy. Onuň diňe gyzlary boldy.
[16] Makyryň aýaly Magaka bir ogul dogurdy we onuň adyna Pereş dakdy. Pereşiň inisiniň ady Şereşdi; onuň ogullarynyň ady Ulam hem-de Rekemdi.
[17] Ulamdan Bedan doguldy. Manaşanyň agtygy, Makyryň ogly Gilgadyň ogullary şulardyr.
[18] Gilgadyň aýal dogany Hammoleketden Yşhot, Abygezer we Mahla doguldy.
[19] Şemidanyň ogullary: Ahýan, Şekem, Likhi we Anygam.
[20] Efraýymyň ogly Şutela, Şutelanyň ogly Beret, Berediň ogly Tahat, Tahadyň ogly Elgada, Elgadanyň ogly Tahat,
[21] Tahadyň ogly Zabat, Zabadyň ogly Şutela. Ezer we Elgat Efraýymyň ogullarydy. Ýerli gat halky olary mal sürülerini basyp almaga gelendikleri üçin öldürdi.
[22] Kakalary Efraýym ençe günläp olaryň ýasyny tutdy; doganlary oňa göwünlik bermäge geldiler.
[23] Efraýym aýalynyň ýanyna girdi. Aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy we onuň adyna Beriga dakdy, sebäbi onuň öýünde betbagtçylyk bardy.
[24] Ýokarky we aşaky Beýthorony hem-de Uzenşeýerany guran onuň gyzy Şeýerady.
[25] Repa onuň ogludy. Repadan Reşep, Reşepden Tela, Teladan Tahan,
[26] Tahandan Ladan, Ladandan Emihut, Emihutdan Elişama,
[27] Elişamadan Nun, Nundan Ýeşuwa doguldy.
[28] Efraýymlaryň mülkleri we mesgen tutan ýerleri şulardyr: Beýtel galasy we onuň obalary, gündogarda Nagaran, günbatarda Gezer we onuň obalary, Şekem we onuň obalary, Aýa we onuň obalary.
[29] Manaşalaryň çäklerinden: Beýtşeýan galalary bilen, Tagnak galalary bilen, Megido galalary bilen, Dor galalary bilen. Şu galalarda Ysraýylyň ogly Ýusubyň ogullary mesgen tutdular.
[30] Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi we Beriga; Sera bularyň aýal doganydy.
[31] Beriganyň ogullary: Heber bilen Malkyýel; Malkyýel Birzaýytyň kakasydy.
[32] Heberden Ýaplet, Şomer, Hotam hem-de olaryň aýal dogany Şuga doguldy.
[33] Ýapletiň ogullary: Pasak, Bimhal we Aşwat. Bular Ýapletiň ogullarydyr.
[34] Şemeriň ogullary: Ahy, Rohaga, Huba we Aram.
[35] Şemeriň dogany Helemiň ogullary: Sopa, Ýymna, Şeleş we Amal.
[36] Sopanyň ogullary: Suwa, Harneper, Şugal, Beri, Ýymra,
[37] Beser, Hot, Şamma, Şilşa, Ýytran we Beýera.
[38] Ýeteriň ogullary: Ýepunne, Pispa we Ara.
[39] Ulanyň ogullary: Ara, Hannyýel we Risýa.
[40] Şularyň hemmesi Aşeriň nesilleridi, kowumbaşylardyr, saýlama batyr ýigitler hem-de begleriň begidir. Olaryň nesil daragtyna görä urşa ukyply ýigrimi alty müň adamy bardy.