Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:59

[1] Ine, şular Dawudyň Hebrondaka doglan ogullarydyr: ýizregelli Ahynogamdan bolan nowbahar ogly Amnon; karmelli Abygaýyldan bolan ikinji ogly Danyýel.

[2] Üçünji ogly Geşur şasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalom, dördünji ogly Hagytdan bolan Adonyýa;

[3] Bäşinji ogly Abytaldan bolan Şepatýa; altynjy ogly aýaly Egladan bolan Ýitregam;

[4] Şu altysy Dawudyň Hebrondaka bolan ogullarydyr. Ol bu ýerde ýedi ýyl alty aý şalyk sürdi. Dawut Iýerusalimde otuz üç ýyl şalyk sürdi.

[5] Bular Dawut Iýerusalimdekä doglanlardyr: Şimga, Şobap, Natan, Süleýman; olar Emiýeliň gyzy Batşebadan bolan dört oguldylar.

[6] Bulardan soň ýene dokuz ogul doguldy: Ýybhar, Elişama, Elipelet, Noga, Nepek, Ýapyýa, Elişama, Elýada we Elipelet.

[9] Dawudyň şu ogullaryndan başga gyrnaklaryndan bolan ogullary-da bardy. Onuň Tamar diýen gyzy hem bardy.

[10] Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, Asadan Ýehoşapat,

[11] Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Ahazýa, Ahazýadan Ýowaş,

[12] Ýowaşdan Amazýa, Amazýadan Uzyýa, Uzyýadan Ýotam,

[13] Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, Hizkiýadan Manaşa,

[14] Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy.

[15] Ýoşyýanyň ogullary: nowbahar ogly Ýohanan, ikinji ogly Ýehoýakym, üçünji ogly Sidkiýa, dördünji ogly Şallum.

[16] Ýehoýakymyň nesilleri: Ýehoýakymdan Ýekonýa, Ýekonýadan Sidkiýa doguldy.

[17] -

[18] Ýesir edip äkidilen Ýekonýanyň ogullary: Şeýaltyýel, Malkyram, Pedaýa, Şenasar, Ýekamýa, Hoşama we Nedabýa.

[19] Pedaýanyň ogullary: Zerubabyl we Şimgi. Zerubabylyň ogullary: Meşullam, Hananýa we Şelomyt olaryň aýal doganydy.

[20] Zerubabylyň beýleki bäş ogly: Haşuba, Ohel, Berekýa, Hasadýa we Ýuşapheset.

[21] Hananýanyň ogullary: Pelatýa we Ýeşagýa. Ýeşagýadan Repaýa, Repaýadan Arnan, Arnandan Abadýa, Abadýadan Şekanýa doguldy.

[22] Şekanýadan Şemagýa doguldy. Şemagýanyň ogullary: Hatuş, Ýygal, Baryýa, Negarýa we Şapat. Şunlukda, Şekanýanyň bir ogly we bäş agtygy – jemi alty adam boldy.

[23] Negarýanyň ogullary: Elýogeýnaý, Hizkiýa we Azrykam. Bular jemi üç oguldylar.

[24] Elýogeýnaýyň ogullary: Hodawýa, Elýaşyp, Pelaýa, Akup, Ýohanan, Delaýa we Anany. Bular jemi ýedi oguldylar.

1 Ýyl ýazgylary — Chapters