[1] Dawut müňbaşylardyr ýüzbaşylar we her bir baştutan bilen geňeşdi.
[2] Ol tutuş Ysraýyl jemagatyna şeýle diýdi: «Eger makul bilseňiz, eger Hudaýymyz Reb halasa, geliň, öri meýdanly galalardaky ruhanylardyr lewiler bilen bilelikde, tutuş Ysraýyldaky ähli dogan-garyndaşlarymyzy adam iberip, öz ýanymyza ýygnalyň.
[3] Soň Hudaýymyzyň Äht sandygyny getireliň. Çünki Şawulyň günlerinde biz ony idemedik».
[4] Bu jemagatyň göwnünden turansoň, tutuş halk muňa razy boldy.
[5] Şeýdip, Dawut Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan getirmek üçin, Müsüriň çägindäki Şihor derýasy bilen Lebohamat aralygyndaky ähli ysraýyllary ýygnady.
[6] Dawut tutuş Ysraýyl bilen bile keruplaryň üstünde tagt gurup oturan Beýik Hudaýyň sandygyny, Onuň ady dakylan sandygy getirmek üçin Ýahudadaky Bagala, ýagny Kirýatýegaryma gitdi.
[7] Olar Hudaýyň sandygyny Abynadabyň öýünden çykaryp, täze arabada goýdular. Arabany Uza bilen Ahýo alyp barýardy.
[8] Dawut hem-de ähli ysraýyllar Hudaýyň huzurynda lira, arfa, deprek, kimwal hem-de surnaý çalyp, joşup aýdym aýdýardylar we tans edýärdiler.
[9] Olar Kidonyň harmanyna gelenlerinde, öküzler büdrediler; Uza sandygy tutjak bolup, elini onuň üstünde goýdy.
[10] Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Reb ony öldürdi, sebäbi ol sandyga elini degripdi. Uza şol ýerde – Hudaýyň huzurynda jan berdi.
[11] Rebbiň Uza zarba urandygyna Dawudyň gahary geldi. Ol ýer şu güne çenli Peres Uza diýlip atlandyrylýar.
[12] Dawut şol gün Rebden gorkup: «Men Hudaýyň sandygyny nädip ýanyma getirip bilerin?» diýdi.
[13] Şeýlelikde, Dawut Hudaýyň sandygyny öz ýanyna Dawut galasyna getirmedi. Ol sandygy gatly Obededomyň öýünde goýdy.
[14] Hudaýyň sandygy üç aý Obededomyň hojalygynda galdy. Reb Obededomyň hojalygyna we onuň ähli zatlaryna bereket berdi.