[1] Ysraýyllaryň, olaryň kowumbaşylarynyň, müňbaşylarydyr ýüzbaşylarynyň hem-de beýleki emeldarlarynyň sanawy aşakdaky ýalydyr. Olar aýba-aý gelip, bölümleriň ähli işlerinde patyşa gulluk edýärdiler. Her bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.
[2] Birinji aý üçin birinji bölüme Zabdyýeliň ogly Ýaşobgam ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň bölüminde ýigrimi dört müň adam bardy.
[3] Ol Peresiň neslindendir; ol birinji aý üçin ähli goşunbaşylaryň başlygydy.
[4] Ikinji aý üçin bellenen bölüme ahowa urugyndan bolan Dodaý ýolbaşçylyk edýärdi. Bölümiň baş serkerdesi Miklotdy; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.
[5] Üçünji aý üçin bellenen bölüme üçünji bir goşunbaşy – ruhany Ýehoýadanyň ogly Benaýa ýolbaşçylyk edýärdi; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.
[6] «Otuz ýigidiň» edermen esgeri hem-de baştutany Benaýadyr. Onuň ogly Emizabat onuň bölüminiň baş serkerdesidi.
[7] Dördünji aý üçin bellenen bölüme Ýowabyň dogany Asahel ýolbaşçylyk edýärdi. Ondan soň ogly Zebadýa boldy; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
[8] Bäşinji aý üçin bellenen bölümiň goşunbaşysy Ýyzranyň nesli Şamhutdy; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
[9] Altynjy aý üçin bellenen bölüme tekowaly Ikeşiň ogly Yra ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
[10] Ýedinji aý üçin bellenen bölüme efraýymlardan pelonly Heles ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
[11] Sekizinji aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli huşaly Sibekaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
[12] Dokuzynjy aý üçin bellenen bölüme benýaminlerden anatotly Abygezer ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
[13] Onunjy aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli netopaly Mahraý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
[14] On birinji aý üçin bellenen bölüme Efraýymyň neslinden pirgatonly Benaýa ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
[15] On ikinji aý üçin bellenen bölüme Otniýeliň neslinden netopaly Heldaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
[16] Ysraýyl tirebaşylary şulardyr: Zikriniň ogly Eligezer – rubenleriň baştutany; Magakanyň ogly Şepatýa – şimgonlaryň baştutany;
[17] Kemuwalyň ogly Haşabýa – lewileriň baştutany; Sadok – Harun nesliniň baştutany;
[18] Dawudyň garyndaşlaryndan Elihu – ýahudalaryň baştutany; Mikaýylyň ogly Omry – ysakarlaryň baştutany;
[19] Abadýanyň ogly Ýyşmagýa – zebulunlaryň baştutany; Azryýeliň ogly Ýerimot – naftalylaryň baştutany;
[20] Azazýanyň ogly Hoşeýa – efraýymlaryň baştutany; Pedaýanyň ogly Ýowel günbatardaky manaşa tiresiniň baştutany;
[21] Zakarýanyň ogly Ydo – Gilgatda oturýan manaşa tiresiniň baştutany; Abneriň ogly Ýagsyýel – benýaminleriň baştutany;
[22] Ýerohamyň ogly Azarel – danlaryň baştutany. Şular Ysraýyl tireleriniň baştutanlarydy.
[23] Ýigrimi hem-de ondan kiçi ýaşlylary Dawut hasaba almandy, sebäbi Reb Ysraýyly gökdäki ýyldyzlaryň sany kimin köpeltmegi wada edipdi.
[24] Seruýanyň ogly Ýowap ilat ýazuwyny geçirmäge girişenem bolsa, ol bu işi ahyryna çenli alyp gitmedi. Sebäbi munuň üçin Ysraýyla Rebbiň gahary geldi. Şeýdip, soňkular Dawut patyşanyň taryh kitabyna girizilmedi.
[25] Adyýeliň ogly Azmawet patyşanyň hazynaçysydy. Ýurduň, şäherleriň, obalardyr galalaryň hazynaçysy bolsa Uzyýanyň ogly Ýonatandy.
[26] Ýer işi üçin ekin meýdanlarynda işleýänlere Kelubyň ogly Ezri baştutanlyk edýärdi.
[27] Ramaly Şimgi üzüm baglaryna, şepamly Zabdy üzüm baglaryndaky şerap ammarlaryna,
[28] gederli Bagalhanan günbatar baýyrlykdaky zeýtun hem-de ýabany injir agaçlaryna, Ýogaş ýag ammarlaryna garaýardy.
[29] Şaronly Şitraý Şarondaky iri mallara, Adlaýyň ogly Şapat jülgelerdäki iri mallara,
[30] ysmaýyl urugyndan bolan Obyl düýelere, meronotly Ýehdeýa eşeklere,
[31] hagarly Ýazyz dowarlara garaýardy. Şularyň hemmesi Dawut patyşanyň mülklerine gözegçilik eden adamlardy.
[32] Dawudyň daýysy Ýonatan geňeşçidi; ol paýhasly adamdy hem-de kätipdi. Hakmonynyň ogly Ýehiýel patyşanyň ogullaryna seredýärdi.
[33] Ahytopel patyşanyň geňeşçisidi, arky urugyndan bolan Huşaý patyşanyň dostudy.
[34] Ahytopelden soň Benaýanyň ogly Ýehoýada we Abýatar geňeşçi boldy. Patyşa goşunynyň serkerdesi bolsa Ýowapdy.