[1] Ruben Ysraýylyň nowbahar ogludy, ýöne ol atasynyň düşegini haramlandygy üçin nowbahar ogullyk haky ondan alnyp, Ysraýylyň ogly Ýusubyň perzentlerine berildi. Şoňa görä-de nesil daragtynda Ruben ilkinji ogul hasap edilmeýär.
[2] Ýahuda doganlarynyň arasynda güýçlüsi bolup, baştutan ondan gelip çykan bolsa-da, nowbahar ogullyk haky Ýusubyňkydy.
[3] Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň ogullary şulardy: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy.
[4] Ýoweliň nesilleri: Şemagýa, Şemagýadan Gok, Gokdan Şimgi,
[5] Şimgiden Mika, Mikadan Reýaýa, Reýaýadan Bagal,
[6] Bagaldan Beýera doguldy. Beýerany Aşuryň patyşasy Tiglatpileser ýesir edip äkitdi. Beýera rubenleriň tirebaşysydy.
[7] Nesil daragtlaryna görä Beýeranyň kowumlary bilen bolan garyndaşlary şulardyr: Ýegiýel baştutan; Zakarýa we Ýoweliň çowlugy, Şemanyň agtygy, Azazyň ogly Bala. Bu rubenler Nebo bilen Bagalmegona çenli uzalyp gidýän Aroger ülkesinde ýaşaýardylar.
[9] Gündogara Ýewfrat derýasynyň bu tarapyndaky çölüň başlanýan ýerine çenli uzalyp gidýän ýerler hem Belanyň ýerleridi, sebäbi onuň Gilgatda maly juda köpelipdi.
[10] Şawulyň döwründe rubenler hagarlar bilen urşup, olary ýeňip, Gilgadyň tutuş gündogaryna ýaýrap, hagarlaryň çadyrlarynda ýaşadylar.
[11] Gatlar rubenleriň gapdalynda Salka galasyna çenli bolan Başan ülkesinde mesgen tutdular.
[12] Başanda Ýowel iň wajyp urugyň baştutanydy, Şapam ikinji wajyp urugyň baştutanydy, Ýagnaý bilen Şapat bolsa beýleki uruglaryň baştutanydy.
[13] Olaryň garyndaşlary kowumy boýunça şulardyr: Mikaýyl, Meşullam, Şeba, Ýoraý, Ýagkan, Ziýa we Eber jemi ýedi.
[14] Olar Abyhaýylyň nesilleridir. Abyhaýyl Büzüň taňlygy, Ýahdonyň geňligi, Ýeşişaýyň gowlugy, Mikaýylyň ýuwlugy, Gilgadyň çowlugy, Ýarowanyň agtygy, Hurynyň oglydy.
[15] Gunynyň agtygy, Abdyýeliň ogly Ahy bularyň arasynda iň beýik urugbaşydy.
[16] Gatlar Gilgatdaky we Başandaky galalarynda hem-de Şaronyň öri meýdanlarynda ýaşadylar.
[17] Ýahudanyň patyşasy Ýotam hem-de Ysraýylyň patyşasy Ýarobgamyň döwründe bularyň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alyndylar.
[18] Rubenlerden, gatlardan hem-de gündogardaky manaşa tiresinden gylyçly-galkanly, ýaý bilen ok atýan, söweş tälimini alan, gulluga taýýar kyrk dört müň ýedi ýüz altmyş sany edermen esger bardy.
[19] Olar hagarlar, ýeturlar, napyşlar hem-de nodaplar bilen uruşdylar.
[20] Olar uruşda Hudaýa ahy-nala edip, kömek alandyklary üçin, hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ählisini ele saldylar. Hudaý olaryň ahy-nalasyna jogap berdi, çünki olar Oňa ynandylar.
[21] Olar duşmanlarynyň elli müň düýesini, iki ýüz elli müň dowaryny, iki müň eşegini ele saldylar we ýüz müň adamyny ýesir aldylar.
[22] Köp adam öldi, sebäbi bu uruş Hudaýdandy. Şeýdip, rubenler, gatlar hem-de gündogardaky manaşa tiresi tä sürgünlik döwrüne çenli hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ýerlerinde ýaşadylar.
[23] Gündogardaky manaşa tiresiniň adamlary ýurtda mesgen tutup, Başandan Bagalhermona, Senire hem-de Hermon dagyna çenli ýaýradylar. Olar juda köpdi.
[24] Ine, şular olaryň kowumbaşylarydyr: Eper, Ýişgi, Eliýel, Azryýel, Ýermeýa, Hodawýa we Ýahdyýel. Bular batyr ýigitler, meşhur adamlar we urug baştutanlarydy.
[25] Emma bular ata-babalarynyň Hudaýyndan dänip, Onuň öz öňlerinde derbi-dagyn eden ýurdunyň halkynyň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna etdiler.
[26] Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpileserdi. Ol rubenleri, gatlary, gündogardaky manaşa tiresini ýesir edip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.