[1] Dawut hem-de goşun baştutanlary Asafyň, Heýmanyň hem-de Ýedutunyň ogullaryny hyzmat işi üçin bölüp aýyrdylar. Olar lira, arfa hem kimwal çalyp pygamberlik etmelidiler. Hyzmat işini ýerine ýetirenler şulardyr:
[2] Asafyň ogullaryndan: Zakur, Ýusup, Netanýa, Asarela. Bular patyşanyň emrine görä pygamberlik eden Asafyň ogullarydy we onuň garamagyndadylar.
[3] Ýedutunyň ogullaryndan: Gedalýa, Seri, Işaýa, Şimeý, Haşabýa, Matytýa – jemi alty. Olar Rebbe lira bilen öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyryp pygamberlik edýän kakalary Ýedutunyň garamagyndadylar.
[4] Heýmanyň ogullary: Bukyýa, Matanýa, Uzyýel, Şebuwal, Ýerimot, Hananýa, Hanany, Eliýata, Gidalty, Romamty Gezer, Ýoşbekaşa, Malloty, Hotyr, Mahazyýot.
[5] Şularyň hemmesi patyşanyň görgüri Heýmanyň ogullarydyr. Bu ogullar Hemana ony beýik etmek üçin, Hudaýyň beren wadasy bilen berlipdi. Hudaý oňa on dört ogul bilen üç gyz berdi.
[6] Bularyň bary kakalarynyň garamagynda Rebbiň ybadathanasynda kimwal, arfa hem lira çalyp, aýdym aýdýardylar. Asaf, Ýedutun we Heýman patyşanyň buýrugy astyndadylar.
[7] Bular hem-de bularyň Rebbiň öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen garyndaşlarynyň bu işe ussatlary iki ýüz segsen sekiz adamdy.
[8] Olaryň uludan-kiçä, halypadan-şägirde çenli bary borçlary üçin bije atdylar.
[9] Birinji bije Asafyň neslinden Ýusuba düşdi; ikinji Gedalýa; doganlary we ogullary bilen on iki adam;
[10] üçünji Zakura; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[11] dördünji Ýezer; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[12] bäşinji Netanýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[13] altynjy Bukyýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[14] ýedinji Ýesarela; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[15] sekizinji Ýeşagýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[16] dokuzynjy Matanýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[17] onunjy Şimgä; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[18] on birinji Azarel; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[19] on ikinji Haşabýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[20] on üçünji Şubaýyla; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[21] on dördünji Matytýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[22] on bäşinji Ýerimot; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[23] on altynjy Hananýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[24] on ýedinji Ýoşbekaşa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[25] on sekizinji Hanana; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[26] on dokuzynjy Mallota; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[27] ýigriminji Eliýata; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[28] ýigrimi birinji Hotyra; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[29] ýigrimi ikinji Gidalta; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[30] ýigrimi üçünji Mahazyýota; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
[31] ýigrimi dördünji Romamty Gezere düşdi; ogullary we doganlary bilen on iki adam.