Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:41

[1] Ýahudanyň ogullary: Peres, Hesron, Karmy, Hur we Şobal.

[2] Şobalyň ogly Reýaýadan Ýahat, Ýahatdan Ahumaý we Lahat doguldy. Bular Sorgalylaryň uruglarydyr.

[3] Efratyň nowbahar ogly, Beýtullahamy esaslandyran Huruň ogullary şulardy: Eýtam, Penuwal we Ezer. Eýtamyň ogullary şulardy: Ýizregel, Ýyşma we Ýydbaş. Olaryň aýal doganynyň ady Haslelponydy. Penuwal Gedory esaslandyrypdy, Ezer Huşany esaslandyrypdy.

[5] Tekowanyň kakasy Aşhuryň Hela hem-de Nagara atly iki aýaly bardy.

[6] Aşhuryň Nagara diýen aýalyndan Ahuzam, Heper, Temeni we Hahaştary doguldy. Bular Nagaranyň ogullarydy.

[7] Helanyň ogullary: Zeret, Sohar, Etnan we Kos. Kos Anubyň we Hasobebabyň kakasydy. Harumyň ogly Aharheliň nesli-de Kosdan gelip çykandyr.

[9] Ýagbes atly adam bardy; ol doganlarynyň arasynda iň abraýlysydy. «Agyry bilen dogurdym» diýip, ejesi onuň adyna Ýagbes dakdy.

[10] Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi.

[11] Şuhanyň dogany Kelupdan Mehir, Mehirden Eşton doguldy.

[12] Eştondan Beýtrapa, Paseýa hem-de Irnahaş galasyny esaslandyran Tehinna doguldy. Bular Rekanyň ilatydy.

[13] Kenazyň ogullary: Otniýel, Seraýa. Otniýeliň ogly: Hatat we Megonotaý.

[14] Megonotaýdan Opra doguldy. Seraýa Hünärmentler jülgesini döreden Ýowabyň kakasydy. Köp hünärmentleriň ýaşaýandygy üçin bu ýere şeýle at dakyldy.

[15] Ýepunnäniň ogly bolan Kalebiň ogullary: Yru, Ela we Nagam. Eladan Kenaz doguldy.

[16] Ýehalleleliň ogullary: Zip, Zipa, Tirýa we Asarel.

[17] Ezranyň ogullary: Ýeter, Meret, Eper we Ýalon. Merediň müsürli aýalyndan: Merýem, Şammaý we Eştemowa galasyny esaslandyran Ýyşba doguldy.

[18] Merediň müsürli aýaly faraonyň gyzy Bitýady. Onuň ýahudaly aýalyndan Gedory esaslandyran Ýeret, Sokony esaslandyran Heber bilen Zanowany esaslandyran Ýekutyýel doguldy.

[19] Hodyýanyň aýaly bolan Nahamyň aýal doganynyň ogullaryndan garmly Kegila bilen magakatly Eştemowa doguldy.

[20] Şimonyň ogullary: Amnon, Rinna, Benhanan we Tilon. Ýişginiň ogullary: Zohet we Benzohet.

[21] Ýahudanyň ogly Şelanyň nesilleri şulardyr: Lekany esaslandyran Er, Mareşany esaslandyran Lagda, Beýtaşbeýadaky nepis zygyr mata dokaýanlaryň urugy,

[22] Ýokymyň, Kozebanyň adamlary, Ýowaş hem-de Saraf. Olar Mowap bilen Ýaşubleheme häkim boldular. Bular gadymy wakalardyr.

[23] Bular Netagymyň hem-de Gederanyň ilatlarydy. Olar patyşa küýzegär bolup hyzmat etdiler.

[24] Şimgonyň ogullary: Nemuwal, Ýamyn, Ýaryp, Zera, Şawul.

[25] Şawuldan Şallum, Şallumdan Mibsam, Mibsamdan Mişma doguldy.

[26] Mişmanyň ogullary: Mişmadan Hammuwal, Hammuwaldan Zakur, Zakurdan Şimgi doguldy.

[27] Şimginiň on alty ogly, alty gyzy bardy, ýöne onuň doganlarynyň perzendi köp däldi. Şeýdip, Şimginiň nesilleri Ýahudanyňky ýaly köpelmedi.

[28] -

[31] Olar Beýerşebada, Moladada, Hasarşugalda, Bilhada, Esemde, Tolatda, Betuwalda, Hormada, Ziklagda, Beýtmarkabotda, Hasarsusymda, Beýtbirgide we Şagaraýymda ýaşadylar. Ine, şular şimgileriň Dawut patyşa bolmazyndan öňki galalarydy.

[32] Olaryň obalary: Eýtam, Aýyn, Rimmon, Token, Aşan – jemi bäş gala.

[33] Bu galalaryň töweregindäki Bagala çenli bolan obalary olaryň mesgen tutan ýerleridir. Olar nesil daragtyny ýazdylar.

[34] Olaryň urugbaşylary şulardy: Meşobap, Ýamlek, Amazýanyň ogly Ýoşa,

[35] Ýowel, Asyýeliň çowlugy Seraýanyň agtygy Ýoşybýanyň ogly Ýehu,

[36] Elýogeýnaý, Ýagakoba, Ýeşohaýa, Asaýa, Adyýel, Ýeşimiýel, Benaýa,

[37] Şemagýanyň gowlugy, Şimriniň ýuwlugy, Ýedaýanyň çowlugy, Allonyň agtygy, Şipginiň ogly Ziza.

[38] Şu atlary boýunça agzalanlar urugbaşylardyr. Olaryň nesilleri juda köpeldi.

[39] Olar öz sürülerine öri gözläp, Gedora we jülgäniň gündogar tarapyna çenli baryp ýetdiler.

[40] Olar otluk, gowy öri meýdanlarynyň üstünden bardylar; bu ýer gaty giň, asuda hem rahatdy. Öň bu ýerde hamlar oturypdylar.

[41] Şu atlary ýazylanlar Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe gelip, öz çadyrlarynda bolan hamlara we megunylara hüjüm edip, olary büs-bütinleý gyryp ýok edip, olaryň ýerlerinde ornaşdylar, sebäbi ol ýerde sürüleri üçin öri meýdan bardy.

[42] Şimgonlaryň bir bölegi – erkek kişileriniň bäş ýüzüsi Ýişginiň ogullary Pelatýanyň, Negarýanyň, Repaýanyň hem-de Uzyýeliň baştutanlygynda Segir dagyna gitdiler.

[43] Olar amalekleriň gaçyp, diri galanlaryny gyrdylar; olar şu güne çenli şol ýerde ýaşap gelýärler.

1 Ýyl ýazgylary — Chapters