Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:38

[1] Harunyň nesilleri hyzmat üçin bölünendir. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhu, Elgazar, Ytamar.

[2] Emma Nadap bilen Abyhu kakalaryndan öň ölüpdiler; olaryň ogly ýokdy. Şoňa görä, Elgazar bilen Ytamar ruhany boldular.

[3] Dawut Elgazaryň nesli Sadok, Ytamaryň nesli Ahymelek bilen bile ruhanylary borçlaryna görä hyzmat işlerine bölüşdirdi.

[4] Ytamaryň nesline garanda, Elgazaryň neslindäki kowumbaşylar has köpdi. Şoňa görä kowumbaşylaryň baştutanlygynda Elgazaryň nesilleri on alty bölege, Ytamaryň nesilleri sekiz bölege bölünendi.

[5] Adalatly bolmak üçin iki topar hem bije boýunça bölündiler, sebäbi mukaddes çadyra hem-de Hudaýa hyzmat etmeli ýolbaşçylar Elgazaryň nesliniň arasynda-da, Ytamaryň nesliniň arasynda-da bardy.

[6] Lewilerden bolan Netaneliň ogly Şemagýa mürze patyşanyň, ýolbaşçylaryň, ruhany Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelegiň, ruhanylaryň nesilleriniň hem-de lewileriň kowumbaşylarynyň huzurynda bularyň atlaryny ýazdy. Elgazar bilen Ytamaryň hersi üçin bir topar saýlanyp alyndy.

[7] Bijesi çykan adamlar bije tertibi boýunça şulardyr: Ýehoýaryp, Ýedaýa,

[8] Harym, Segorym,

[9] Malkyýa, Miýamyn,

[10] Hakos, Abyýa,

[11] Ýeşuwa, Şekanýa,

[12] Elýaşyp, Ýakim,

[13] Hupa, Ýeşebeýap,

[14] Bilga, Immer,

[15] Hezir, Hapyses,

[16] Petahýa, Ezekiýel,

[17] Ýakin, Gamul,

[18] Delaýa, Magazýa – jemi ýigrimi dört bije.

[19] Olaryň Rebbiň öýüne girmek üçin ýerine ýetirmeli borçlary, ine, şudur. Muny olara Ysraýyl Hudaýy Reb olaryň atasy Harunyň üsti bilen tabşyrypdy.

[20] Lewiniň nesilleriniň galan urugbaşylary şulardyr: Imranyň nesli Şubaýyl, Şubaýylyň nesli Ýehdeýa.

[21] Rehabýadyň nesli Ýişiýa.

[22] Ýisharlardan Şelomot; Şelomodyň nesillerinden Ýahat.

[23] Hebronyň nesillerinden ýaş tertibine görä Ýeriýa, Amarýa, Ýahazyýal, Ýekamgam.

[24] Uzyýeliň neslinden Mika; Mikanyň neslinden Şamyr.

[25] Mikanyň dogany Ýişiýa, Ýişiýanyň neslinden Zakarýa.

[26] Merarynyň nesillerinden Mahly, Muşy. Ýagazyýanyň ogullaryndan Beno.

[27] Merarynyň nesillerinden Ýagazyýa, Beno, Şoham, Zakur, Ibri.

[28] Mahlynyň nesillerinden Elgazar; onuň ogly ýokdur.

[29] Kişden Ýerahmeýel.

[30] Muşynyň nesillerinden Mahly, Eder, Ýerimot. Şular uruglaryna görä Lewiniň nesilleridir.

[31] Garyndaşlary bolan Harunyň nesillerinde bolşy ýaly, bular hem Dawut patyşanyň, Sadokdyr Ahymelegiň, ruhanylardyr lewileriň kowumbaşylarynyň öňünde bije atdylar. Olaryň kowumbaşylar bolan ýaş garyndaşlary hem şeýle etdiler.

1 Ýyl ýazgylary — Chapters