Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 8:01

[1] Ysraýylyň ogullary şulardyr: Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun, Dan, Ýusup, Benýamin, Naftaly, Gat we Aşer.

[3] Ýahudanyň ogullary şulardyr: Er, Onan we Şela. Bu üçüsi onuň kengan aýaly Batşuwadan doglan ogullarydyr. Reb Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Öz nazarynda betpäl bolany üçin öldürdi.

[4] Ýahudanyň gelni Tamardan Peres hem Zera doguldy. Onuň jemi bäş ogly bardy.

[5] Peresiň ogullary: Hesron, Hamul.

[6] Zeranyň ogullary: Zimri, Eýtan, Heýman, Kalkol, Dara – jemi bäş ogul.

[7] Karmynyň ogly: Akar. Ol Rebbe bagyş edilen zady alyp, günä etdi we Ysraýylyň başyna bela getirdi.

[8] Eýtanyň ogly Azarýa.

[9] Hesronyň ogullary: Ýerahmeýel, Ram we Kelubaý.

[10] Ramdan Eminadap, Eminadapdan ýahudalaryň tirebaşysy Nahşon doguldy.

[11] -

[12] Nahşondan Salma, Salmadan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý doguldy.

[13] -

[16] Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi.

[17] Abygaýyldan Emasa doguldy. Ysmaýyl urugyndan bolan Ýeter Emasanyň kakasydyr.

[18] Hesronyň ogly Kalebiň Azuba hem-de Ýerigot atly aýallaryndan birnäçe çagasy boldy. Azubadan bolan ogullar, ine, şulardyr: Ýeşer, Şobap, Ardon.

[19] Azuba ölenden soň, Kalep Efraty aýallyga aldy; Efratdan Hur doguldy.

[20] Hurdan Ury, Urudan Besalel doguldy.

[21] Hesron Gilgadyň kakasy Makyryň gyzynyň ýanyna girdi. Hesron oňa öýlenende altmyş ýaşyndady. Ondan Segup doguldy.

[22] Segupdan Ýaýyr doguldy. Gilgatda onuň ýigrimi üç galasy bardy.

[23] Ýöne Geşur bilen Aram olardan Hawotýaýyry hem-de Kenaty obalary bilen bile – jemi altmyş gala aldylar. Şular Gilgadyň kakasy Makyryň nesilleridir.

[24] Hesron Kalepefratda dünýäden ötdi. Onuň aýaly Abyýa Aşhury dogdy. Aşhur Tekowa galasynyň düýbüni tutdy.

[25] Hesronyň nowbahar ogly Ýerahmeýeliň ogullary: nowbahar ogly Ram, Buna, Oren, Osem we Ahyýa.

[26] Ýerahmeýeliň Atara atly ýene-de bir aýaly bardy. Ol Onamyň ejesidir.

[27] Ýerahmeýeliň nowbahar ogly Ramdan Magas, Ýamyn we Eker doguldy.

[28] Onamdan Şammaý hem-de Ýada, Şammaýdan Nadap hem-de Abyşur doguldy.

[29] Abyşuryň aýalynyň ady Abyhaýyldy. Ondan Ahban hem-de Molyt doguldy.

[30] Nadapdan Selet we Apaýym doguldy. Seletden nesil galmady.

[31] Apaýymdan Ýişgi, Ýişgiden Şeşan, Şeşandan Ahlaý doguldy.

[32] Şammaýyň inisi Ýadadan Ýeter we Ýonatan doguldy. Ýeterden nesil galmady.

[33] Ýonatandan Pelet hem-de Zaza doguldy. Bular Ýerahmeýeliň nesilleridir.

[34] Şeşanyň ogly ýokdy, onuň diňe gyzlary bardy; ýöne Şeşanyň Ýarha atly bir müsürli guly bardy.

[35] Onsoň Şeşan guly Ýarha gyzyny aýallyga berdi. Onuň gyzyndan Ataý doguldy.

[36] Ataýdan Natan, Natandan Zabat,

[37] Zabatdan Eplal, Eplaldan Obet,

[38] Obetden Ýehu, Ýehudan Azarýa,

[39] Azarýadan Heles, Helesden Elgasa,

[40] Elgasadan Sismaý, Sismaýdan Şallum,

[41] Şallumdan Ýekamýa, Ýekamýadan Elişama doguldy.

[42] Ýerahmeýeliň inisi Kalebiň ogullary: nowbahar ogly Meşa; ol Zibiň kakasydyr. Kalebiň ikinji ogly Mareşa; ol Hebronyň kakasydyr.

[43] Hebronyň ogullary: Kora, Tapuwa, Rekem we Şema.

[44] Şemadan Ýorkagamyň kakasy Raham; Rekemden Şammaý doguldy.

[45] Şammaýdan Magon doguldy. Magon Beýtsuryň kakasydyr.

[46] Kalebiň gyrnak aýaly Eýpadan Haran, Mosa we Gazez doguldy. Harandan ogul bolup, oňa Gazez doganynyň adyny dakdy.

[47] Ýahdaýyň ogullary: Regem, Ýotam, Geşan, Pelet, Eýpa we Şagap.

[48] Kalebiň gyrnak aýaly Magakadan Şeber hem-de Tirhana doguldy.

[49] Soňra ondan Şagap bilen Şewa doguldy. Şagap Madmannany esaslandyrypdy, Şewa Makbena bilen Gibgany esaslandyrypdy. Kalebiň hem bir gyzy bardy, onuň ady Aksady.

[50] Ine, şular Kalebiň nesilleridir. Kalebiň aýaly Efratdan nowbahar ogly Hur doguldy. Huruň üç ogly bolup, birinjisiniň ady Şobaldy, ol Kirýatýegarymy esaslandyrypdy.

[51] Onuň ikinji ogly Salma bolup, ol Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji oglunyň ady Harep bolup, ol Beýtgaderi esaslandyrypdy.

[52] Kirýatýegarymy esaslandyran Şobal harowalaryň we manahatlaryň ýarysynyň atasydy.

[53] Şeýle hem Kirýatýegarymyň uruglary bolan ýytralaryň, putlaryň, şumatlaryň, mişralaryň-da atasydy. Sorga hem Eştawol şäherleriniň halky hem şu uruglardan gelip çykypdy.

[54] Beýtullahamy esaslandyran Salma netopalylaryň, Atrot Beýtýowabyň hem manahatlaryň ýarysy Sorga halkynyň atasydy.

[55] Ýagbesde ýaşan kätipleriň uruglary: tirgatlar, şimgatlar we sukatlar. Olar Rekabyň nesliniň atasy Hammatdan gelip çykan keýnlerdi.

1 Ýyl ýazgylary — Chapters