Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 8:19

[1] Owal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilendi, Söz Hudaýyň Özüdi.

[2] Owal-başda Ol Hudaý bilendi.

[3] Tutuş barlyk Söz arkaly ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.

[4] Söz ýaşaýyş çeşmesidir, bu ýaşaýyş ynsanlaryň Nury boldy.

[5] Nur tümlükde parlaýandyr, tümlük bolsa Ony ýeňip bilmedi.

[6] Hudaý tarapyndan Ýahýa atly bir adam iberildi.

[7] Ýahýa Nur barada şaýatlyk etmäge we öz şaýatlygy arkaly hemmeleri ynandyrmaga geldi.

[8] Ýahýanyň özi Nur däldi, ol diňe Nur barada şaýatlyk etmäge geldi.

[9] Her bir ynsany nurlandyrýan hakyky Nur dünýä geldi.

[10] Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady.

[11] Ol Özüniňkilere geldi, emma olar Ony kabul etmedi.

[12] Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi.

[13] Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir.

[14] Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.

[15] Ýahýa Isa barada şaýatlyk edip, batly ses bilen: «Ine, Menden soňra geljek Menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy diýenim Şudur» diýip gygyrdy.

[16] Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk.

[17] Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.

[18] Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.

[19] Ine, ýahudylaryň baştutanlary Iýerusalimden ruhanylary we lewileri Ýahýanyň ýanyna iberdiler. Olar Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soradylar. Ýahýa sözüni inkär etmedi,

[20] ol şaýatlyk edip: «Men Mesih däl» diýip, çürt-kesik ykrar etdi.

[21] Olar ondan: «Onda sen kim? Belki, Ylýassyň?» diýip soradylar. Ýahýa: «Ýok» diýip jogap berdi. Olar ýene-de: «Onda şol garaşylýan pygambermiň?» diýip soradylar. Ol: «Ýok, ol däl» diýip jogap berdi.

[22] Ahyry olar: «Onda sen kim? Biz özümizi ýollanlara näme jogap bereli? Sen özüň hakda näme aýdyp biljek?» diýip soradylar.

[23] Ýahýa Işaýa pygamberiň sözleri bilen jogap berip: «Ine, „Rebbiň ýoluny düzläň“ diýip, çölde gygyrýan ses mendirin» diýdi.

[24] -

[25] Onsoň onuň ýanyna iberilen käbir fariseýler: «Sen Mesih em, Ylýasam, garaşylýan pygamberem däl bolsaň, onda näme üçin adamlary suwa çümdürýärsiň?» diýip soradylar.

[26] Ýahýa olara: «Hawa, men adamlary suwa çümdürýärin, emma araňyzda Biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz.

[27] Ol menden soňra geljekdir. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin» diýip jogap berdi.

[28] Bu wakalaryň hemmesi Iordan derýasynyň gündogaryndaky Beýtaniýada, Ýahýanyň suwa çümdürýän ýerinde bolup geçdi.

[29] Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!

[30] Size: „Menden soňra Biri geler, Ol menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy“ diýip aýdan Kişim Şudur.

[31] Başda men hem Onuň kimdigini tanamaýardym. Emma men Ony ysraýyl halkyna tanatmak üçin, adamlary suwa çümdürmäge geldim».

[32] Ýahýa ýene şaýatlyk edip, şeýle diýdi: «Men Mukaddes Ruhuň gökden kepderi kimin inip, Onuň üstüne inenini gördüm.

[33] Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi.

[34] Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».

[35] Ertesi gün Ýahýa ýanynda iki sany şägirdi bilen ýene şol ýerdedi.

[36] Ol geçip barýan Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi.

[37] Ýahýanyň sözlerini eşidip, bu iki şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi.

[38] Isa gaňrylyp, yzyna düşüp gelýänleri gördi-de, olardan: «Size näme gerek?» diýip sorady. Olar: «Rabbi, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. (Rabbi mugallym diýmekdir).

[39] Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, görersiňiz» diýdi. Şeýdip, olar Isa bilen gidip, Onuň nirede ýaşaýandygyny gördüler, şol wagt öýlän sagat dört töweregidi. Olar şol gün Onuň ýanynda galdylar.

[40] Ýahýadan Isa hakda eşidip, Onuň yzyna düşüp gidenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andrysdy.

[41] Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesih i tapdyk» diýdi. ( Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir).

[42] Ol doganyny Isanyň ýanyna getirdi. Isa Simuna seredip: «Sen Ýohannanyň ogly Simunsyň, ýöne sen Kepas diýlip atlandyrylarsyň» diýdi. (Kepas Petrus diýlip terjime edilýär).

[43] Ertesi gün Isa Jelilä gitmegi ýüregine düwdi. Ol Filipi tapyp: «Meniň yzyma düş!» diýdi.

[44] Andrys bilen Petrus ýaly, Filip hem Betsaýda şäherindendi.

[45] Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi.

[46] Natanaýel oňa: «Nasyraly?! Ol ýerden, heý, bir oňly zat çykarmyka?!» diýdi. Filip hem oňa: «Ýör, görersiň!» diýdi.

[47] Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi.

[48] Natanaýel Ondan: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýip sorady. Isa oňa: «Filip seni heniz çagyrmanka, Men seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýip jogap berdi.

[49] Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.

[50] Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagynda gördüm diýenim üçin iman edýärsiňmi? Sen mundan-da beýik işleri görersiň» diýdi.

[51] Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.

Ýohannanyň hoş habary — Chapters