[1] Isa bolsa Zeýtun dagyna gitdi.
[2] Ertesi irden Ol ýene ybadathana bardy, ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara öwretmäge başlady.
[3] Töwrat mugallymlary bilen fariseýler zynada tutulan bir aýaly alyp geldiler. Aýaly hemmäniň öňünde duruzdylar.
[4] Onsoň olar Isa ýüzlenip: «Mugallym, bu aýal zynada tutuldy.
[5] Musa Töwratda bular ýalylary daşlap öldürmegi buýrupdyr. Sen muňa näme diýersiň?» diýip soradylar.
[6] Olar muny Isany synamak üçin sorapdylar, sebäbi Ony aýyplamak üçin tutaryk agtarýardylar. Isa aşak oturyp, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazmaga başlady.
[7] Ondan soramagy dowam etdirenlerinde, Isa dikelip: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki şol atsyn» diýdi.
[8] Ol ýene-de aşak oturyp, ýere bir zatlar ýazmaga durdy.
[9] Muny eşidip, ýaşululardan başlap, hemmesi ýeke-ýekeden gitmäge başlady. Diňe Isa bilen Onuň öňünde duran aýal galdy.
[10] Isa dikelende, aýaldan başga hiç kime gözi düşmänsoň, oňa: «Eý, naçar, beýlekiler hany? Hiç kim seni höküm etmedimi?» diýip sorady.
[11] Aýal: «Ýok, Agam» diýdi. Isa: «Men hem seni höküm edemok. Bar, gidiber, mundan beýläk günä iş etme» diýdi.
[12] Isa ýene-de halka ýüzlenip: «Dünýäniň nury Mendirin. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar» diýdi.
[13] Fariseýler Oňa: «Sen Öz-Özüňe şaýatlyk edýärsiň, Seniň şaýatlygyň hakyky däl» diýdiler.
[14] Isa olara: «Men Öz-Özüme şaýatlyk edýän hem bolsam, Meniň şaýatlygym hakdyr. Sebäbi Men nireden gelip, nirä barýanymy bilýärin, ýöne Meniň nireden gelenimi ýa nirä barýanymy siz bilmeýärsiňiz.
[15] Siz ynsan ölçegi bilen höküm çykarýarsyňyz, Men hiç kimiň üstünden höküm çykarmaýaryn.
[16] Men höküm çykaraýsam-da, hökümim hakdyr, çünki Men ýeke däl-de, Özümi iberen Ata bilendirin.
[17] Töwratda iki adamyň şaýatlygy hak diýlip ýazylgydyr.
[18] Men Özüm hakda şaýatlyk edýärin, Meni iberen Ata-da Men hakda şaýatlyk edýär» diýip jogap berdi.
[19] Onsoň Isadan: «Seniň Ataň nirede?» diýip soradylar. Isa olara: «Siz ne Meni tanaýarsyňyz, ne-de Meniň Atamy. Meni tanaýan bolsadyňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» diýdi.
[20] Ol bu sözleri ybadathanada öwredýärkä sadaka gutusynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Ony tutjak bolmady, sebäbi Onuň wagty entek dolmandy.
[21] Isa olara ýene: «Men gidip barýaryn; siz Meni gözlärsiňiz we günäňiziň içinde ölersiňiz. Siz Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi.
[22] Ýahudylaryň baştutanlary: «Ol Özüni öldürjekmikä? Ol şonuň üçin Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz diýýärmikä?» diýişdiler.
[23] Isa olara: «Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bolsa, bu dünýäden däldirin.
[24] Munuň üçin Men size „günäňiziň içinde ölersiňiz“ diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäňiziň içinde ölersiňiz» diýdi.
[25] Ondan: «Sen kimsiň?» diýip soradylar. Isa olara: «Ozal-başdan size kim diýip aýdan bolsam, Şolduryn.
[26] Sizi aýyplap aýtjak zatlarym köp. Meni Iberen hakdyr, Men Ondan eşidenlerimi dünýä äşgär edýärin» diýip jogap berdi.
[27] Olar Isanyň Öz Atasy barada aýdýandygyna düşünmediler.
[28] Soňra Isa olara: «Ynsan Ogluny haçda ýokary göteren mahalyňyz, Meniň Şoldugymy bilersiňiz. Şeýle hem Meniň Özümden hiç zat etmändigime, diňe Atamyň öwreden zatlaryny aýdandygyma düşünersiňiz.
[29] Meni Iberen Meniň bilendir, Ol Meni ýeke taşlap gitmedi. Sebäbi Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýdi.
[30] Bulary aýdanda, ençeme adamlar Oňa iman etdiler.
[31] Onsoň Isa Özüne iman eden ýahudylara: «Meniň sözümi berjaý etseňiz, hakykatdan hem, Meniň şägirtlerim bolarsyňyz;
[32] Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» diýdi.
[33] Olar Isadan «Biz Ybraýymyň neslidiris, hiç wagt hiç kime gul bolan däldiris. Onsoň nädip Sen bize azat bolarsyňyz diýip bilýärsiň?» diýdiler.
[34] Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size dogrusyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr.
[35] Gul hiç haçan öýüň agzasy bolup bilmez, ýöne Ogul öýüň hemişelik agzasydyr.
[36] Şonuň üçin hem Ogul sizi azat etse, siz, hakykatdan hem, azat bolarsyňyz.
[37] Siziň Ybraýymyň nesilleridigiňizi bilýärin, ýöne siz Meniň kastyma çykdyňyz, sebäbi siz Meniň sözüme öz kalbyňyzdan orun bereňzok.
[38] Men size Atamyň ýanynda görenlerimi aýdýaryn, siz hem öz ataňyzdan görenleriňizi edýärsiňiz».
[39] Olar Oňa: «Biziň atamyz Ybraýymdyr» diýdiler. Isa olara: «Siz Ybraýymyň perzentleri bolýan bolsaňyz, Ybraýymyň işlerini ederdiňiz.
[40] Emma siz Meni, ýagny Hudaýdan eşiden hakykaty aýdýan Ynsany öldürmekçi bolýarsyňyz. Ybraýym beýle iş etmändi.
[41] Siz Ybraýymyň däl-de, öz ataňyzyň işlerini edýärsiňiz» diýdi. Olar Oňa: «Biz zynadan doglan däl, biziň ýeke-täk bir Atamyz bar, Ol Hudaýyň Özüdir» diýdiler.
[42] Isa olara şeýle diýdi: «Eger Ataňyz Hudaý bolsa, onda Meni söýerdiňiz, sebäbi Men Hudaýdan geldim, Öz-Özümden gelmedim, Meni Ol iberdi.
[43] Näme üçin Meniň aýdýanlaryma düşünmeýärsiňiz? Sebäbi siz Meniň aýdýanlarymy diňlemegi başarmaýarsyňyz.
[44] Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.
[45] Emma Men hakykaty aýdýandyryn. Şonuň üçinem siz Maňa iman etmeýärsiňiz.
[46] Siziň haýsyňyz Maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz?
[47] Kim Hudaýa degişli bolsa, Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, sebäbi siz Hudaýa degişli dälsiňiz».
[48] Ýahudylar Oňa: «Saňa jyn uran samariýaly diýip, biz dogry aýdypdyrys!» diýdiler.
[49] Isa olara jogap berip: «Meni jyn uranok! Men Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz.
[50] Men Özüme şöhrat agtarmaýaryn, Men şöhratlandyrýan Biri bar. Kazylyk Edýän-de Oldur.
[51] Men size dogrusyny aýdýaryn, Meniň sözüme uýýan adam asla ölüm garasyny görmez» diýdi.
[52] Ýahudylar Oňa: «Seni jyn urandygyny indi anyk bildik. Ybraýym-da, pygamberler-de öldi. Emma Sen: „Meniň sözüme uýýan adam hiç haçan ölmez“ diýýärsiň.
[53] Eýsem, Sen atamyz Ybraýymdan hem beýikmi? Ol-da, pygamberler-de öldi. Sen Özüňi kimdirin öýdýärsiň?» diýdiler.
[54] Isa olara şeýle jogap berdi: «Men Özümi şöhratlandyrsam, onda bu şöhrat puç bolar. Meni şöhratlandyrýan Öz Atamdyr; siz Oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz.
[55] Ýöne siz Ony tanamaýarsyňyz, Men Ony tanaýaryn. Eger Ony tanamaýaryn diýsem, onda Men hem siziň ýaly ýalançy bolaryn. Emma Men Ony tanaýaryn we Onuň sözüni ýerine ýetirýärin.
[56] Ataňyz Ybraýym Meniň geljek günüme garaşyp, şatlanýardy. Ol şol güni görüp, juda begendi».
[57] Ýahudylar Ondan: «Heniz elli ýaşa-da barmadyk halyňa Sen Ybraýymy gördüňmi?» diýip soradylar.
[58] Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň „Men bardyryn“» diýdi.
[59] Şonda Isany daşlamakçy boldular, emma Ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.