Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 8:20

[1] Isanyň Ýahýa garanda has köp şägirt edinip, suwa çümdürýändigi baradaky habar fariseýleriň gulagyna ýetdi.

[2] Aslynda olary Isa däl-de, şägirtleri çümdürýärdi.

[3] Isa fariseýleriň Özi hakynda eşidendigini bilende, Ýahudyýany taşlap, ýene-de Jelilä gaýtdy.

[4] Ol Samariýanyň üsti bilen gitmelidi.

[5] Şeýlelikde, Isa Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi. Bu şäher Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýerine golaýdy.

[6] Ýakubyň guýusy-da şol ýerdedi. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy. Wagt günortan bolup barýardy.

[7] Şol wagt samariýaly bir aýal guýudan suw almaga geldi. Isa oňa: «Maňa içmäge suw bersene» diýdi.

[8] Isanyň şägirtleri bolsa iýmit satyn almak üçin şähere gidipdiler.

[9] Samariýaly aýal Isa geň galyp: «Sen ýahudy bolup, men samariýaly aýaldan nädip içmäge suw soraýarsyň?» diýdi. Sebäbi ýahudylar samariýalylary äsgermeýärdiler.

[10] Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.

[11] Aýal Oňa: «Eý, Aga, Seniň suw çeker ýaly hiç zadyňam-a ýok, guýy bolsa çuň, ýaşaýyş suwuny nireden aljak?

[12] Bu guýyny bize atamyz Ýakup berdi. Onuň özi-de, çagalary-da, mal-garalary-da bu guýudan suw içen. Eýsem sen şol atamyz Ýakupdan hem beýikmi?» diýdi.

[13] Isa oňa: «Bu suwdan içen ýene suwsar.

[14] Emma Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz. Tersine, Meniň berjek suwum onuň içinde baky ýaşaýyş çeşmesine öwrüler» diýdi.

[15] Aýal: «Eý, Aga, maňa şol suwdan bersene, gaýdyp suwsamaýyn, suw çekmäge bu ýere gelmäýin» diýdi.

[16] Isa: «Bar, git-de, äriňi çagyryp gel» diýdi.

[17] Aýal: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa oňa: «Ärim ýok diýip, dogrusyny aýtdyň.

[18] Seniň öň bäş äriň bardy, häzirki bile ýaşap ýöreniň hem öz äriň däl, muny dogry aýtdyň» diýdi.

[19] Aýal: «Eý, Aga, görýän welin, Sen pygamber öýdýän.

[20] Biziň ata-babalarymyz Hudaýa şu dagda sežde edipdirler, emma siz ýahudylar Hudaýa sežde edilýän ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz» diýdi.

[21] Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, zenan, Maňa ynan, şeýle bir wagt geler, şonda Ata Hudaýa ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz.

[22] Siz samariýalylar kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz, biz kime sežde edýänimizi bilýäris, sebäbi halas bolmaklyk ýahudylardan gelýändir.

[23] Emma şeýle bir wagt geler, hakyky sežde edýänler Ata ruhda we hakykatda sežde ederler. Ol wagt eýýäm geldi! Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar.

[24] Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda we hakykatda sežde etmelidirler».

[25] Aýal Oňa: «Men Mesih iň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady düşündirer» diýdi. ( Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir.)

[26] Isa oňa: «Seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi.

[27] Edil şol wagt Isanyň şägirtleri geldiler we Onuň bir aýal bilen gepleşip duranyna haýran galdylar. Emma hiç kim: «Edýäniň näme?» ýa-da «Bu aýal bilen näme üçin gepleşýärsiň?» diýip soramady.

[28] Onsoň ýaňky aýal küýzesini goýdy-da, şähere baryp, halka:

[29] «Ýörüň, meniň ähli eden işlerimi aýdyp beren Adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn?» diýdi.

[30] Olar şäherden çykyp, Isanyň ýanyna bardylar.

[31] Şu aralykda şägirtleri Isa: «Mugallym, çörek iýip otur!» diýip, hödür etdiler.

[32] Isa bolsa olara: «Meniň iýmäge zadym bar, ýöne siz ony bilmeýärsiňiz» diýdi.

[33] Onsoň şägirtleri: «Kimdir biri Oňa iýmäge zat getirip beren däldir-ä?» diýişdiler.

[34] Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.

[35] Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size diýýärin, başyňyzy galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar.

[36] Orakçy hem hakyny alýar, hem-de baky ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar. Şeýdip, ekýän-de, orýan-da bilelikde şatlanýar.

[37] „Biri eker, başga biri orar“ diýilýän söz bu babatda dogrudyr.

[38] Men sizi zähmetiňiziň siňmedik hasylyny ormaga iberdim. Başgalar bu hasyl ugrunda zähmet çekdiler, siz bolsa olaryň zähmetiniň rähnetini görýärsiňiz» diýdi.

[39] «Meniň ähli eden işlerimi aýdyp berdi» diýip, şaýatlyk eden aýalyň sözi bilen bu şäherdäki samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler.

[40] Şonuň üçin-de, samariýalylar Isanyň ýanyna gelip, öz ýanlarynda galmagyny Ondan haýyş etdiler. Ol hem şol ýerde iki gün galdy.

[41] Onuň sözlerini diňläp, ýene-de köp adamlar Oňa iman etdiler.

[42] Olar aýala: «Indi biz seniň aýdanlaryňa görä iman etmeýäris, muny özümiz eşitdik. Ol, dogrudan-da, dünýäniň çyn Halasgäri» diýdiler.

[43] Iki gün geçenden soň, Isa ol ýerden Jelilä gitdi.

[44] Pygamberleriň öz ýurdunda gadyrynyň ýokdugyny Isanyň Özi tassyklapdy.

[45] Muňa garamazdan, Isa Jelilä gelende, jelileliler Ony gyzgyn garşy aldylar, sebäbi olar Pesah baýramy üçin Iýerusalime baranlarynda, ol ýerde Isanyň eden ähli işlerini görüpdiler.

[46] Şeýlelikde, Isa ýene-de Özüniň suwy şeraba öwren ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Şol wagt Kapernaumda bir köşk emeldarynyň ogly keselläp ýatyrdy.

[47] Bu adam Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenini eşidip, Onuň ýanyna bardy. Ol gelip, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagyny sorap, Isa ýalbardy.

[48] Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi.

[49] Köşk emeldary Oňa: «Eý, Aga, oglum ölmänkä baraý-da!» diýdi.

[50] Isa oňa: «Gidiber, ogluň ýaşar» diýdi. Ol hem Isanyň aýdan sözüne ynanyp, öýüne gaýtdy.

[51] Ol heniz ýoldaka, hyzmatkärleri onuň öňünden çykyp: «Ogluň sagaldy» diýdiler.

[52] Ol adam hyzmatkärlerinden oglunyň gowulaşyp başlan sagadyny sorady. Olar oňa: «Düýn gündiz sagat birde gyzgyny gaýtdy» diýdiler.

[53] Onsoň munuň Isanyň «Ogluň ýaşar» diýen sagadynda bolandygyna atasy göz ýetirdi. Şeýdip ol öý-içersi bilen birlikde Oňa iman etdi.

[54] Bu Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenden soň görkezen ikinji gudratly alamatydy.

Ýohannanyň hoş habary — Chapters