[1] Şondan iki gün geçensoň, Jeliläniň Kana şäherinde toý boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi.
[2] Isa bilen şägirtleri hem toýa çagyrylypdy.
[3] Şerap gutaryberende, ejesi Isa ýüzlenip: «Olaryň şeraby gutarypdyr» diýdi.
[4] Isa oňa: «Eý, hatyn, munuň Maňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelenok» diýip jogap berdi.
[5] Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi.
[6] Şol ýerde ýahudylaryň ýuwnup-päkizlenme dessury üçin uly göwrümli alty sany hum bardy.
[7] Isa hyzmatkärlere: «Humlary suwdan dolduryň» diýdi. Olar humlary erňegine çenli doldurdylar.
[8] Onsoň hyzmatkärlere: «Indi şulardan guýup, toýuň beýemçisine äkidiň» diýdi. Olar äkitdiler.
[9] Toýuň beýemçisi şeraba öwrülen suwuň nireden gelenini bilmeýärdi, muny diňe suwy guýan hyzmatkärler bilýärdi. Ol bu şerapdan dadyp gördi we öýlenýän ýigidi çagyryp, oňa:
[10] «Hemmeler saçaga ilki bilen oňat şeraby goýýarlar. Myhmanlar içip doýanlaryndan soň, arzan şeraby berýärler. Sen bolsa oňat şeraby şu wagta çenli saklap goýupsyň!» diýdi.
[11] Bu Isanyň ilkinji görkezen gudratly alamatydy. Ol muny Jeliläniň Kana şäherinde görkezip, Öz şöhratyny aýan etdi. Muny gören şägirtleri Oňa iman etdiler.
[12] Bu wakadan soň Isa ejesi, inileri, şägirtleri bilen bile Kapernauma gidip, ol ýerde birnäçe gün galdy.
[13] Ýahudylaryň Pesah baýramynyň golaýlaşýandygy üçin Isa Iýerusalime gitdi.
[14] Ol ybadathananyň howlusynda sygyr, goýun, kepderi satýanlary, şeýle hem pul çalşyp oturanlary gördi.
[15] Isa ýüpden dürre ýasap, mal-garalary bilen birlikde hemmäni gamçylap, ybadathanadan kowup çykardy, pul çalyşýanlaryň tekjelerini agdaryp, pullaryny ýere seçip goýberdi.
[16] Ol kepderi satýanlara: «Bulary bu ýerden ýok ediň! Atamyň öýüni bazara öwürmäň!» diýdi.
[17] Şonda Onuň şägirtleri Mukaddes Ýazgylardaky «Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürer» diýlen sözleri ýatladylar.
[18] Onsoň ýahudylaryň baştutanlary Ondan: «Seniň beýtmäge näme hakyň bar? Eger hakyň bar bolsa, gudrat görkezip, muny bize subut et» diýip talap etdiler.
[19] Isa olara: «Bu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berdi.
[20] Ýolbaşçylar: «Bu ybadathana kyrk alty ýylda guruldy, Sen bolsa ony indi üç günde dikeltjekmi?» diýdiler.
[21] Emma Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy.
[22] Isa ölümden direlenden soň, şägirtleri Onuň bu aýdanyny ýatlap, Mukaddes Ýazgylara we Isanyň sözlerine ynandylar.
[23] Isa Iýerusalimde Pesah baýramynda bolanda, köp adamlar Onuň görkezen gudratlaryny görüp, Oňa iman etdiler.
[24] Emma Isa ähli adamlaryň ýüregini bilensoň, Özüni olara ynanmaýardy.
[25] Ynsan babatda Oňa hiç kimiň şaýatlygy gerek däldi, sebäbi Ol ynsanyň näme niýetiniň bardygyny bilýärdi.