Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:48

[1] Fariseýleriň arasynda Nikodim atly bir adam bardy, ol ýahudylaryň mejlisiniň bir agzasydy.

[2] Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi.

[3] Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.

[4] Nikodim Oňa: «Garran adam nädip gaýtadan doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip, täzeden doglup bilmez ahyry!» diýdi.

[5] Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez.

[6] Bedenden doglan bedendir, Mukaddes Ruhdan doglan ruhdur.

[7] Saňa gaýtadan dogulmalysyň diýýänime geň galma.

[8] Ýel islän tarapyna öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Mukaddes Ruhdan doglanlar hem şeýledir».

[9] Nikodim Ondan: «Bu nähili beýle bolup bilýär?» diýip sorady.

[10] Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?!

[11] Hakykatdan hem, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize şaýatlyk edýäris, emma siz biziň şaýatlygymyzy kabul etmeýärsiňiz.

[12] Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarkaňyz?

[13] Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen Ynsan Ogly çykandyr.

[14] Musanyň çölde ýylany ýokary göterişi ýaly, Ynsan Ogly-da ýokary göterilmelidir.

[15] Şoňa görä Oňa iman eden her bir adam baky ýaşaýşa gowşar».

[16] Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.

[17] Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi.

[18] Oňa iman eden höküm edilmez. Emma iman etmedik eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna iman etmedi.

[19] Höküm, ine, şeýle subutnama esaslanýar: dünýä Nur geldi, emma adamlar garaňkylygy Nurdan has gowy gördüler, sebäbi olaryň işleri ýamanlykdy.

[20] Ýamanlyk edýän adam Nury ýigrenýändir, öz edýän pislikleriniň äşgär bolmagyndan gorkup, Nura ýakynlaşýan däldir.

[21] Emma hak iş edýän adam Nura ýakynlaşýar. Şeýdip, onuň işleriniň Hudaýyň haky üçin edilýändigi äşgär bolýar.

[22] Şundan soň Isa şägirtleri bilen Ýahudyýa etrabyna gitdi. Isa olar bilen birnäçe wagtlap şol ýerde galdy we ol ýerde adamlary suwa çümdürdi.

[23] Şol wagt Salimiň golaýyndaky Enonda bolsa halk Ýahýa tarapyndan çümdürilýärdi. Ol ýerde suw köpdi we çümdürilmek üçin ol ýere gelýän adamlaryň yzy üzülenokdy.

[24] Bu wakalar Ýahýa zyndana salynmazdan öň bolup geçdi.

[25] Şol mahal Ýahýanyň şägirtleri bilen bir ýahudynyň arasynda ýuwnup-päkizlenme dessury barada jedel turdy.

[26] Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Eý, mugallym, Iordanyň beýleki tarapynda sen bir Adam barada şaýatlyk edipdiň, ine, şol Adam halky suwa çümdürýär. Hemmeler Onuň ýanyna barýarlar» diýdiler.

[27] Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez.

[28] „Men Mesih däl, men diňe Onuň öňünden iberildim“ diýenime siziň özüňiz şaýatsyňyz.

[29] Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.

[30] Ol beýgelmelidir, men peselmelidirin.

[31] Ýokardan gelen hemmeden ýokarydyr. Ýerden bolan ýeriňkidir, ýerdäki zatlar barada gepleýändir. Gökden gelen hemmeden üstündir.

[32] Ol görenine, eşidenine şaýatlyk edýär, ýöne Onuň şaýatlygyny hiç kim kabul etmeýär.

[33] Emma Onuň şaýatlygyny kabul eden kişi Hudaýyň hakdygyny tassyklaýandyr.

[34] Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.

[35] Ata Ogly söýýär we Ol hemme zady Onuň eline tabşyrandyr.

[36] Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar».

Ýohannanyň hoş habary — Chapters