[1] Pesah baýramyna alty gün galanda, Isa ýene Beýtaniýa bardy. Isanyň direlden Lazary-da şol ýerdedi.
[2] Ol ýerde Isanyň hormatyna nahar berildi. Marta hyzmat edýärdi, Lazar bolsa myhmanlar we Isa bilen bir saçagyň başynda otyrdy.
[3] Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy.
[4] Şol wagt Onuň şägirtleriniň biri, Oňa haýynlyk etmegi ýüregine düwen Simunyň ogly Ýudas Iskariýot:
[5] «Näme üçin bu ýag satylyp, onuň puly garyplara paýlanmady? Munuň bahasy bir ýyllyk iş hakyna barabar ahyry» diýdi.
[6] Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi.
[7] Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Ol Meni jaýlanjak günüme taýýarlamak üçin şeýle etdi.
[8] Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, emma Men siziň ýanyňyzda elmydama bolmaryn» diýdi.
[9] Ýahudylardan bir uly mähelle Isanyň ol ýerdedigini eşidip, diňe bir Isany däl, eýsem, Onuň direlden Lazaryny-da görmäge geldiler.
[10] Şonuň üçin ýolbaşçy ruhanylar Lazary-da öldürmegiň maslahatyny etdiler.
[11] Çünki köp ýahudylar Lazar sebäpli Isa iman edipdiler.
[12] Ertesi gün baýramçylyga gelen uly mähelle Isanyň Iýerusalime gelýänini eşitdi.
[13] Adamlar palma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdylar. Olar şeýle diýip gygyryşýardylar: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! Ysraýyl Patyşasyna alkyş bolsun!»
[14] -
[15] Edil Mukaddes Ýazgylarda: «Gorkma, eý, Sion gyzy! Ine, Patyşaň taýhara münüp gelýär» diýip ýazylyşy ýaly, Isa bir taýhar tapyp mündi.
[16] Şägirtleri şol wagt bu zatlara düşünmediler. Emma Isa şöhratlandyrylandan soňra bu sözleriň Ol hakynda ýazylandygy we özleriniň muny ýazylyşy ýaly edendikleri olaryň ýatlaryna düşdi.
[17] Isa Lazary mazardan çagyryp direldende, köp mähelle bu wakany gördi. Indi olar bu hakda hemmelere gürrüň berýärdiler.
[18] Şonuň üçin Isanyň görkezen bu gudraty barada eşiden köp adamlar Ony garşylamaga çykdylar.
[19] Şeýlelikde, fariseýler biri-birine: «Görýäňizmi, elimizden hiç zat gelmeýär. Bütin dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler.
[20] Baýramçylykda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grekler-de bardy.
[21] Olar Jeliläniň Betsaýda şäherinden bolan Filipiň ýanyna gelip: «Eý, aga, biz Isany görmek isleýäris» diýip, ondan haýyş etdiler.
[22] Filip hem muny Andrysa aýtdy. Onsoň Andrys bilen Filip bile gidip, Isa aýtdylar.
[23] Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi.
[24] Men size dogrusyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýeke däne bolup galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer.
[25] Bu dünýäde janyny söýýän ony ýitirýändir. Emma bu dünýäde kim janyny ýigrenýän bolsa, ony baky ýaşaýyş üçin saklaýandyr.
[26] Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar.
[27] Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn.
[28] Eý, Ata, adyňy şöhratlandyr!» Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi.
[29] Ol ýerde duran mähelle muny eşidip: «Gök gürledi» diýdi. Käbirleri bolsa: «Onuň bilen bir perişde gepleşdi» diýişdiler.
[30] Isa olara: «Bu ses Meniň üçin däl-de, siziň üçin geldi.
[31] Indi bu dünýä höküm çykarylmaly wagt geldi. Ine, bu dünýäniň hökümdary şeýtan kowlup çykarylar.
[32] Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin» diýip jogap berdi.
[33] Isa muny nähili ölüm bilen öljegini bildirmek üçin aýtdy.
[34] Mähelle Oňa garşy bolup: «Töwratda aýdylyşyna görä, Mesih ebedi galmalydyr. Onsoň nädip Sen: „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir“ diýýärsiň? Ol Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip sorady.
[35] Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir.
[36] Nur heniz ýanyňyzdaka, nura iman ediň, şonda nuruň perzentleri bolarsyňyz» diýdi. Isa bulary aýdansoň, olaryň ýanyndan gidip gizlendi.
[37] Isa ýahudylaryň gözleriniň alnynda şunça köp gudratly alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler.
[38] Bularyň bary Işaýa pygamberiň: «Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?» – diýip aýdan şu sözüniň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy.
[39] Hakykatdan hem, olar ynanyp bilmeýärdiler. Muňa görä, Işaýa olar hakda ýene şeýle diýipdir:
[40] «Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
[41] Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr.
[42] Muňa garamazdan, mejlisiň agzalarynyň köpüsi Oňa iman etdi, emma fariseýler zerarly muny açyk yglan etmediler, sebäbi olar sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar.
[43] Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler.
[44] Isa bolsa gaty ses bilen şeýle diýdi: «Maňa iman edýän Maňa däl-de, Meni Iberene iman edýändir.
[45] Meni görýän, Meni Ibereni-de görýändir.
[46] Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim.
[47] Sözlerimi eşidibem, olary berjaý etmedigiň üstünden höküm çykarmaryn. Sebäbi Men dünýäniň üstünden höküm çykarmaga däl-de, ony halas etmäge geldim.
[48] Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar.
[49] Sebäbi Men Öz-Özümden geplemedim. Meni iberen Ata näme aýtmalydygymy, nähili sözlemelidigimi Maňa Özi buýurdy.
[50] Onuň buýrugynyň bolsa baky ýaşaýşa gowşurýandygyny bilýärin. Şonuň üçin Atam Maňa näme buýran bolsa, Men size diňe şony aýdýandyryn».