[1] Şondan soň Isa Jelilede aýlanmaga başlady. Ýahudylaryň baştutanlary Onuň kastyna çykansoňlar, Ol Ýahudyýada gezmek islemeýärdi.
[2] Ýahudylaryň Çatma baýramy golaýlapdy.
[3] Şonuň üçin Isanyň inileri Oňa: «Bu ýerden çykyp, Ýahudyýa git, edýän işleriňi şägirtleriň görsün.
[4] Özüni açyk tanatmak isleýän adam gizlin iş edýän däldir. Sen bu zatlary edýän bolsaň, Özüňi dünýä görkez» diýdiler,
[5] sebäbi Oňa hatda inileri-de ynanmaýardylar.
[6] Isa olara: «Meniň wagtym entek dolanok, ýöne siziň üçin islendik wagt pursatdyr.
[7] Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.
[8] Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl. Sebäbi Meniň wagtym entek dolanok» diýip jogap berdi.
[9] Olara şeýle diýip, Ol Jelilede galdy.
[10] Emma inileri baýrama gidenlerinden soň, Isa-da gitdi, ýöne aç-açan däl-de, gizlin gitdi.
[11] Ýahudylaryň baştutanlary baýramçylykda Ony idäp: «Ol nirede?» diýip soraýardylar.
[12] Mähelläniň arasynda Ol hakda köp gürrüň edildi. Käbirleri «Ol gowy adam» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdiler.
[13] Ýöne ýahudy ýolbaşçylaryndan gorkup, hiç kim Ol hakda açyk gürrüň edip bilmeýärdi.
[14] Baýramçylygyň ýarysy geçende, Isa ybadathana baryp, öwretmäge başlady.
[15] Ýahudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamadyk bolsa-da, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler.
[16] Isa olara şeýle jogap berdi: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňkidir.
[17] Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.
[18] Kim özünden sözleýän bolsa, özüne şöhrat gözleýändir. Kim özüni iberene şöhrat gözleýän bolsa, hakykaty sözleýändir, onuň sözlerinde ýalan ýokdur.
[19] Musa size Mukaddes Kanuny bermedimi näme? Ýöne siziň hiç biriňiz bu Kanuny berjaý etmeýärsiňiz. Näme üçin Meni öldürjek bolýarsyňyz?»
[20] Mähelle Oňa: «Sen jynly, kim Seni öldürjek bolýar?» diýdi.
[21] Isa olara: «Men bir gudrat görkezdim, oňa hemmäňiz haýran galýarsyňyz.
[22] Özüňiz bolsa, Musanyň kanunyny berjaý edýäris diýip hem, Sabat güni çagalary sünnet edýärsiňiz. Aslynda sünnet Musadan däl-de, ata-babalardan galandyr.
[23] Şeýlelikde, Musanyň kanuny bozulmasyn diýip hem, özüňiz Sabat güni sünnet edýäňiz. Onda näme üçin Sabat güni bir adamy bütinleý sagaldandygym üçin Meni ýazgarýarsyňyz?
[24] Daşky görnüşe görä höküm çykarmaň, hökümiňiz adalatly bolsun» diýdi.
[25] Bu ýerde iýerusalimlileriň käbirleri: «Olaryň öldürjek bolýan Adamy şu dälmi?
[26] Ine, Ol arkaýyn gürrüň berip dur, Oňa garşy hiç kim hiç zat diýmeýär. Biziň ýolbaşçylarymyz Onuň Mesih digini, hakykatdanam, bilýän bolaýmasynlar?!
[27] Ýöne biz bu Adamyň niredendigini bilýäris. Mesih gelende bolsa Onuň niredendigini hiç kim bilmez» diýişdiler.
[28] Onsoň Isa ybadathanada öwredip durka, gaty ses bilen şeýle diýdi: «Hawa, siz Meni hem tanaýarsyňyz, niredendigimi hem bilýärsiňiz. Emma Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz.
[29] Men Ony tanaýaryn, sebäbi Men Ondan gelendirin. Meni iberen Oldur».
[30] Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy.
[31] Barybir mähelläniň köpüsi Oňa iman edip: « Mesih gelende, şunuňkydan köp gudratly alamat görkezermi?» diýşip pyşyrdaşdy.
[32] Fariseýler halkyň Isa hakyndaky bu pyşyrdylaryny eşitdiler. Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin garawullary iberdiler.
[33] Isa: «Men ýene az salym siziň ýanyňyzda bolup, soňra Özümi Ibereniň ýanyna giderin.
[34] Siz Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz. Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz» diýdi.
[35] Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä?
[36] Munuň „Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz“ diýýäni nämekä?» diýişdiler.
[37] Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar.
[38] Kim Maňa iman etse, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, onuň içinden ýaşaýyş suwunyň bulaklary akar» diýip gygyrdy.
[39] Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy.
[40] Mähelläniň içinden käbirleri bu sözi eşidip: «Bu hakykatdan hem şol geljek pygamberdir» diýdiler.
[41] Başgalary: «Bu Mesih dir» diýdiler, emma käbirleri: «Bolup bilmez! Mesih, heý-de, Jelileden gelermi?
[42] Mukaddes Ýazgylarda: „ Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler.
[43] Şeýlelikde, mähelläniň arasynda Isa barada agzalalyk döredi.
[44] Olardan käbiri Ony tutmak isledi, ýöne hiç kim Oňa el degirmedi.
[45] Ahyrsoňy ybadathana garawullary gaýdyp geldiler we ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler olardan: «Näme üçin Ony getirmediňiz?» diýip soradylar.
[46] Ybadathana garawullary: «Hiç kim hiç wagt bu Adamyň gepleýşi ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler.
[47] Fariseýler olara: «Siz hem aldandyňyzmy?
[48] Ýolbaşçylardan ýa-da fariseýlerden, heý, Oňa iman eden barmy?
[49] Ýokdur! Emma Töwrady bilmeýän bu nadan halk nälet astyndadyr!» diýdiler.
[50] Şonda fariseýleriň arasyndan biri, ozal Isanyň ýanyna baran Nikodim olara:
[51] «Kanunymyza görä bir adamy öňürti diňlemän, näme edenini bilmän, oňa höküm çykarmak dogrumydyr?» diýdi.
[52] Olar: «Sen hem jelilelimi? Mukaddes Ýazgylara ser sal, Jelileden hiç wagt pygamber çykmajagyny görersiň» diýdiler.
[53] Soňra hemmesi öýli-öýüne gaýtdy.