[1] Isa ýene söze başlady: «Ýüregiňiz gussa batmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň.
[2] Atamyň öýünde ýaşamaga ýer köpdür. Şeýle bolmasa, Men size: „Ýer taýynlamaga barýaryn“ diýermidim?
[3] Gidip, siziň üçin ýer taýynlanymdan soňra, ýene gelip, sizi Öz ýanyma alyp giderin. Meniň bolýan ýerimde siz hem bolarsyňyz.
[4] Siz Meniň barýan ýerime eltýän ýoly bilýänsiňiz».
[5] Tomas Oňa: «Agam, biz Seniň nirä barýanyňy bilmesek, ýoly nireden bileli?» diýdi.
[6] Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.
[7] Meni çyndan tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Indi Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz» diýdi.
[8] Filip Oňa: «Agam, Atany bize görkez, bize şol ýeterlik» diýdi.
[9] Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, Filip, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez“ diýmäň näme?
[10] Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärsiňmi? Size aýdýan sözlerimi Men Öz-Özümden aýtmaýaryn. Tersine, Mende ýaşaýan Atam Men arkaly Öz işlerini edýär.
[11] Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, görkezen gudratlarym üçin iman ediň.
[12] Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn.
[13] Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin.
[14] Hawa, Meniň adym bilen Menden näme dileseňiz, dilegiňizi berjaý ederin.
[15] Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.
[16] Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy,
[17] ýagny Hakykat Ruhuny berer. Dünýä Ony kabul edip bilmez, sebäbi dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, sebäbi Ol siziň araňyzda ýaşap, içiňizde bolar.
[18] Men sizi ýetim goýmaryn, ýene ýanyňyza gaýdyp gelerin.
[19] Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.
[20] Şol gün Meniň Atadadygymy, siziň Mendedigiňizi, Meniň-de sizdedigime göz ýetirersiňiz.
[21] Meniň buýruklarymy berjaý edýän kişi Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men hem ony söýerin we Özümi oňa aýan ederin».
[22] Şonda Iskariýot däl-de, beýleki Ýudas Isadan: «Eý, Agam, näme üçin Sen Özüňi dünýä däl-de, bize aýan etmek isleýärsiň?» diýip sorady.
[23] Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder. Atam hem ony söýer. Men Atam bilen ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen ýaşarys.
[24] Meni söýmeýän Meniň sözümi berjaý edýän däldir. Siziň bu eşidýän sözleriňiz Meniňki däl-de, Meni iberen Atanyňkydyr.
[25] Men bu zatlary size Özüm ýanyňyzdakam aýdýaryn.
[26] Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar.
[27] Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň.
[28] Size „Men gidip barýaryn, emma ýanyňyza gaýdyp gelerin“ diýenimi eşitdiňiz ahyryn. Eger siz Meni çyndan söýýän bolsaňyz, Meniň Atanyň ýanyna gidýändigime şatlanardyňyz. Çünki Ata Menden beýikdir.
[29] Men size bu zatlar amala aşmazdan öň aýtdym, amala aşan wagty ynanarsyňyz.
[30] Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, sebäbi bu dünýäniň hökümdary şeýtan gelýär. Onuň Men babatda hiç hili ygtyýary ýokdur.
[31] Emma dünýä Meniň Atany söýýändigimi, Atanyň Özüme näme buýran bolsa, şony berjaý edýändigimi bilmelidir. Hany, turuň, bu ýerden gideliň».