Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:30

[1] Hepdäniň birinji güni ir säher bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly tütetgilerini alyp, mazara bardylar.

[2] Olar mazaryň agzyndaky daşyň bir çete togalanandygyny gördüler.

[3] Mazaryň içine girenlerinde bolsa, Reb Isanyň jesedini tapmadylar.

[4] Muňa haýran bolup durkalar, garşylarynda lowurdaýan lybasda iki sany adam birdenkä peýda boldy.

[5] Aýallar gorkup, başlaryny ýere egdiler. Ýaňky adamlar olara: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?

[6] Ol bu ýerde ýok, Ol direldi! Ol heniz siziň bilen bilekä Jelilede özüňize aýdan zatlaryny ýadyňyza salyň.

[7] Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryň eline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üçülenji gün direlmelidir“ diýipdi» diýdiler.

[8] Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýadyna düşdi.

[9] Aýallar mazardan dolanyp gelip, bularyň baryny Onbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler.

[10] Resullara bu habary ýetirenler magdalaly Merýem, Ýowanna, Ýakubyň ejesi Merýem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy.

[11] Emma bu sözler resullara boş göründi, olar aýallara ynanmadylar.

[12] Petrus bolsa ýerinden turup, mazara tarap eňdi. Ol eglip, kepeniň boş ýatanyny gördi. Ol bolan waka geň galyp, yzyna dolandy.

[13] Şol gün şägirtlerden ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu oba Iýerusalimden on çakrym uzaklykda ýerleşýärdi.

[14] Olar bolup geçen bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler.

[15] Şeýlelikde, gepleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi golaýa gelip, olar bilen bile ýöräberdi.

[16] Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy.

[17] Isa olardan: «Ýol bolsun! Näme hakda gürrüň edip barýaňyz?» diýip sorady. Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler.

[18] Olaryň Kleýop atlysy: «Iýerusalimde bolubam, şu günler ol ýerde bolan wakalardan bihabar gelmişek diňe Senmikäň?» diýip sorady.

[19] Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. Ol Hudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçli pygamberdi.

[20] Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlarymyz Ony ölüm jezasyna höküm etdirip, haça çüýlemek üçin häkimiň eline tabşyrdylar.

[21] Biz bolsa Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt edipdik. Onsoňam bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy.

[22] Üstesine, aýallarymyzyň käbirem bizi haýrana goýdy. Olar şu gün ir bilen mazara baryp,

[23] Onuň jesedini tapmandyrlar. Olar biziň ýanymyza gelip, özlerine perişdeleriň görnendigini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmişler.

[24] Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp, ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler, emma Isany görmändirler».

[25] Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar!

[26] Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi.

[27] Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.

[28] Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi.

[29] Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, basym agşam düşer, gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy.

[30] Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.

[31] Şonda olaryň gözleri açylyp, Isany tanadylar, emma Isa olaryň gözlerinden gaýyp boldy.

[32] Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Mukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler.

[33] Olar turup, şol pursadyň özünde Iýerusalime dolandylar. Ol ýerde Onbirleri we olaryň ýanynda bile üýşüp oturanlary tapdylar.

[34] Bular: «Dogrudan-da, Reb Isa direlipdir we Simuna görnüpdir!» diýdiler.

[35] Onsoň ol ikisi ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny gürrüň berdiler.

[36] Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi olaryň arasynda durup: «Size salam bolsun!» diýdi.

[37] Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler.

[38] Isa olara: «Näme üçin dowla düşýärsiňiz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär?

[39] Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, emma görşüňiz ýaly, Meniňki bar» diýdi.

[40] Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi.

[41] Olar şatlykdan ýaňa henizem ynanyp bilmän, haýran galyp durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýip sorady.

[42] Oňa bişirilen balygyň bir bölegini berdiler.

[43] Isa alyp, olaryň gözleriniň alnynda ony iýdi.

[44] Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.

[45] Onsoň Mukaddes Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.

[46] Isa olara: « Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr.

[47] Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.

[48] Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz.

[49] Men hem Atamyň wada eden Mukaddes Ruhuny size ýollaryn. Emma siz gökden injek gudrat bilen doldurylýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýdi.

[50] Isa olary şäheriň daşyna çykaryp, Beýtaniýa getirdi. Onsoň ellerini galdyryp, olara pata berdi.

[51] Pata berip durka, olardan aýrylyp, göge göterildi.

[52] Olar hem Oňa sežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime dolandylar.

[53] Olar hemişe ybadathanada bolup, Hudaýa alkyş okaýardylar.

Lukanyň hoş habary — Chapters