Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:46

[1] Isa gabagyny galdyryp seredende, baýlaryň ybadathananyň sadaka gutusyna öz sadakalaryny atyp duranyny gördi.

[2] Ol bir garyp dul aýalyň hem guta iki şaý atanyny gördi.

[3] Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal hemmelerden köp atdy.

[4] Bu adamlaryň hemmesi sadaka gutusyna özlerinden artany atdylar, bu aýal bolsa garyplygyna garamazdan, bar-ýoguny, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi.

[5] Şägirtlerden käbiri ybadathananyň ajaýyp daşlar we Hudaýa bagyş edilen peşgeşler bilen bezelendigi barada söz açdy. Şonda Isa:

[6] «Şeýle bir günler geler, şonda bu ýerde daş üstünde daş galmaz, görýän zatlaryňyzdan hiç zat galman, hemmesi weýran bolar» diýdi.

[7] Olar Isadan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljak mahalynda nähili alamat peýda bolar?» diýip soradylar.

[8] Isa: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ we „Wagt golaýlady!“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.

[9] Uruşlar hem gozgalaňlar barada habarlar eşideniňizde gorkmaň. Bu zatlar öňürti bolmalydyr, emma entek soňy däldir» diýip jogap berdi.

[10] Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar.

[11] Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar.

[12] Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.

[13] Bu bolsa şaýatlyk etmek üçin size bir pursat bolar.

[14] Emma siz özüňizi nähili gorajakdygyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň.

[15] Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.

[16] Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler.

[17] Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener.

[18] Emma saçyňyzyň bir tary hem kemelmez.

[19] Berk duruň, şonda janyňyzy halas edersiňiz.

[20] Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň.

[21] Şonda Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin.

[22] Sebäbi şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir.

[23] Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! Sebäbi ýurda äpet bela-beterler iner, bu halk gazaba duçar bolar.

[24] Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.

[25] Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagopluga düşerler.

[26] Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän betbagtçylyklara garaşmakdan ýaňa huşlaryny ýitirer, sebäbi asman jisimleri lerzana geler.

[27] Şonda olar Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler.

[28] Bu zatlar amala aşyp başlanda, başyňyzy galdyryp, ýokary serediň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlap gelýändir».

[29] Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň.

[30] Olaryň ýapraklandygyny görüp, tomsuň golaýlandygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz.

[31] Şonuň ýaly hem, bu wakalaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Şalygynyň golaýlandygyny biliň.

[32] Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.

[33] Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.

[34] Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.

[35] Çünki ol gün tutuş ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň her biriniň üstünden iner.

[36] Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».

[37] Isa gündizlerine ybadathananyň howlusynda halka öwrederdi, agşamlaryna bolsa şäherden daşary çykyp, gijäni Zeýtun dagynda geçirerdi.

[38] Ir säher bilen ähli halk Onuň gürrüňlerini diňlemek üçin ybadathana gelerdi.

Lukanyň hoş habary — Chapters