Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 0:56

[1] Hudaý Öz mejlisinde ornuna geçip, ylahy barlyklaryň arasynda kazylyk edýär.

[2] Hudaý şeýle diýýär: «Haçana dek adalatsyz kazylyk edip, siz erbetlere tarapgöýlik etmekçi? Sela

[3] Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.

[4] Halas ediň ejiz bilen mätäji, erbetleriň golundan azat ediň olary.

[5] Siz bilmeýärsiňiz, düşünmeýärsiňiz, siz garaňkylykda ýöreýärsiňiz, ýeriň binýatlary lerzana gelýär».

[6] Men diýýärin: «Siz hudaýlarsyňyz, Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.

[7] Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz, şazadalar kimin ýykylarsyňyz».

[8] Galk, eý, Hudaý, kazylyk et ýeriň ýüzüne çünki Seniňkidir ähli milletler.

Zebur — Chapters