Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:03

[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Akmak adam ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok.

[2] Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar.

[3] Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.

[4] Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Rebbi çagyrmaýarlar.

[5] Olar şol ýerde gorka düşerler, çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr.

[6] Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini, ýöne welin Rebdir onuň penasy.

[7] Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Reb halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar.

Zebur — Chapters