[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
[2] Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et, zalym adamlardan meni penala.
[3] Olar betniýetleri ýüregine düwýär, olar dyngysyz uruş turuzýar.
[4] Olar ýylan ýaly dillerini ýiteldýär, agyzlarynda ýylan zäheri bardyr.
[5] Ýa Reb, meni erbediň elinden sakla hem-de zalym adamdan gora. Olar aýagyma badak atmak isleýär.
[6] Tekepbirler maňa gizlin duzak goýdular, torlarynyň ýüplerini ýazyp goýdular, ýoluň gyrasynda meniň üçin gapan gurdular. Sela
[7] Rebbe diýdim: «Meniň Hudaýym Sensiň, ýa Reb, dady-perýadymyň sesini eşit.
[8] Eý, Hökmürowan Reb, güýçli Halasgärimsiň söweş güni başymy Sen gorandyrsyň.
[9] Ýa Reb, erbet adamy myradyna ýetirme, onuň betniýetleri berjaý bolmasyn, ol beýgelmesin!» Sela
[10] Meni gabanlaryň agzyndan çykan gargyşlar, goý, olaryň öz başlaryndan insin.
[11] Olaryň üstüne köýdüriji közler dökülsin, goý, olar oda, çuň gorpa düşsün, goý, olar asla çykyp bilmesin.
[12] Töhmetçiler ýurtda, goý, ornaşmasyn, betbagtlyk zalym adamy, goý, aw edinsin.
[13] Bilýärin: Reb ezilenleriň işine garar, mätäçlere adalatly karar çykarar.
[14] Dogrular Seniň adyňa şükür ederler, dogry ynsanlar huzuryňda mesgen tutarlar.