Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:45

[1] Eý, Hudaý, näme üçin bizi hemişelik taşladyň? Näme üçin öriňdäki goýunlara lowlaýar Seniň gazabyň?

[2] Ýatla Sen gadymdan Özüň üçin saýlan halkyňy – Özüňe taýpa edinmek üçin azat edenleriňi, ýatla Sen mesgen tutunan Sion dagyňy.

[3] Müdimi harabalyklara howluk-da, sal Sen nazary – duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary.

[4] Ybadat öýünde duşmanlaryň arlap gygyrdy, olar nyşanlaryny şol ýerde dikdi.

[5] Olar göýä gür agaçlyga paltalary aýlap salýan kişiniň keşbindediler.

[6] Indi bolsa ähli haşamlaryny bir pursadyň içinde palta, çekiç bilen parçaladylar.

[7] Mukaddes öýüňi oda ýakdylar, Seniň mesgeniňi haramladylar, ony ýer bilen ýegsan etdiler.

[8] Öz-özlerine şeýle diýdiler: «Olaryň baryny tabyn edeliň». Hudaýyň ýurdundaky ähli ybadat öýlerini oda berdiler.

[9] Biz görmeýäris gudratly alamatlary, indi hiç bir pygamber hem ýok; haçana çenli şeýle boljagyny bilýän aramyzda ýok.

[10] Eý, Hudaý, duşman haçana çenli ýaňsylamaly? Duşman Seniň adyňa ebedilik dil ýetirsinmi?

[11] Näme üçin goluňy yza çekýärsiň? Eliňi goltugyňdan çykaryp, ýok et olary!

[12] Eý, Hudaý, ezelden bäri Sen Patyşamsyň, ýer ýüzünde halas ediş işlerini berjaý edýärsiň.

[13] Gudratyň bilen Sen deňzi böldüň, deňiz aždarhalarynyň başlaryny suwlarda döwdüň.

[14] Liwýatanyň başlaryny kül- -owram edip, ony çöl wagşylaryna şam edip berdiň.

[15] Gözbaşlar ýardyryp, bulaklary akdyrdyň, haýbatly derýalary gus-gury etdiň.

[16] Gündiz Seniňki, gije Seniňki, Sen gögüň yşyklaryny, Güni berkarar etdiň.

[17] Ýeriň ähli çäklerini Sen çekdiň, Sen tomsy, gyşy ýaratdyň.

[18] Ýa Reb, ýatla duşmanyň ýaňsylaýşyny, akmak halkyň Seniň adyňy har edişini.

[19] Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.

[20] Öz ähtiňi ýatla, çünki ýurduň ähli buky ýerleri zulum öýlerinden ýaňa dos-doly.

[21] Ezilenler ryswa bolmasyn, pukaralar, mätäçler adyňy şöhratlandyrsyn.

[22] Eý, Hudaý, galk-da, dawaň üçin dawalaş, akmagyň günuzyn Seni ýaňsylaýşyny ýatla.

[23] Öz duşmanlaryňyň seslerini unutma; Saňa garşy baş galdyrýanlaryň gohy dyngysyz artýar.

Zebur — Chapters