Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:21

[1] Ýa Reb, Seni çagyrýaryn, tiz dadyma ýetiş dat-perýadymyň sesini eşit!

[2] Huzuryňda dogam saýylsyn hoşboý tüsse deý, ellerimi galdyryşym – agşam gurbanlygy deý.

[3] Ýa Reb, garawul goý meniň agzyma, meniň dilimi gora.

[4] Ýüregim ýamanlyga ýykgyn bolmasyn, günä edýän adamlar bilen erbet işleri etmäýin, olaryň näz-nygmatlaryndan asla datmaýyn.

[5] Goý, dogry ynsan meni ursun, bu ýagşylykdyr, goý, maňa ol käýesin, bu başyma ýakymly ýag kimindir, meniň başym ony, goý, ret etmesin. Dogrudan-da, erbetleriň işlerine garşy dileg edýärin.

[6] Olaryň baştutanlary gaýadan aşak zyňlanda, meniň sözlerimi eşider, çünki olar ýakymly.

[7] Biriniň ýer sürende topragy agdarşy ýaly, biziň-de süňklerimiz ölüler dünýäsiniň agzynda çaşar.

[8] Meniň gözlerim Saňa dikilgi, ýa Hökmürowan Reb! Seni pena edinýärin, meni goragsyz goýma!

[9] Meni gora olaryň duzaklaryndan hem-de betkärleriň – gapanlaryndan.

[10] Goý, erbetler öz torlaryna düşsün, men bolsa sag-aman geçip gideýin.

Zebur — Chapters