[1] Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Aram-Naharaýym, Aram-Soba bilen urşanda we Ýowap yzyna dolanyp gelýärkä, Duz deresinde on iki müň edomlyny öldüren wagty, Dawudyň öwüt bermek üçin aýdan miktamy.
[3] Eý, Hudaý, bizi ret etdiň, biziň hatarymyzy böwüsdiň, gazaplandyň: wah, gaýdyp bersene öňki abadanlygy!
[4] Sen ýeri sarsdyrdyň, ony jaýyrdyň, ýaryklaryny bejer, titreýändir ol.
[5] Agyr güne saldyň Sen Öz halkyňy, bize entediji şerap içirdiň.
[6] Oklardan gutulyp bileri ýaly, Özüňden gorkýanlara Sen nyşan berdiň. Sela
[7] Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, bize jogap ber.
[8] Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.
[9] Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki, Efraýym – tuwulgam, Ýahuda – patyşalyk hasam.
[10] Mowap – ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».
[11] Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?
[12] Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret edäýdiňmi? Eý, Hudaý, indi goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?
[13] Duşmanlarymyza garşy bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.
[14] Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.